Sepleriň elýeterliligi

Klinton Päkistanyň delegasiýasy bilen gepleşikleri açdy


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Päkistanyň ýokary derejeli delegasiýasy bilen gepleşikleri açdy.

ABŞ–nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Waşngtonda Päkistanyň ýokary derejeli delegasiýasy bilen gepleşikleri açyp, Päkistan halkyna we hökümetine ähli taraplaýyn goldawy wada berdi hem-de Yslamabad bilen gatnaşyklarda indi Waşingtonyň täze ugur ýöredýändigini aýtdy.

“Özara gatnaşyklarymzda täze sahypa açýarys. Geçen ýyl Obamanyň administrasiýasy Päkistan bilen gatnaşyklara başgaça çemeleşýändigini, başga pozisiýa eýeleýändigini sözde hem iş ýüzünde subut etdi. Prezident Obamanyň administrasiýasy işe başlan ilkinji gününden bu iş onuň hem meniň şahsy ileri tutýan meselämiz boldy” diýip, Hillary Klinton aýdy.

Päkistan delegasiýasyna baştutanlyk edýän daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi ABŞ bilen Päkistanyň arasyndaky gatanşyklaryň bulaşmagyndan iki ýurduň bähbitleriniň zyýan çekýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, Päkistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugta hem durnukly bolmalydygyny gatnaşyklaryň taryhy görkezýär.
XS
SM
MD
LG