Sepleriň elýeterliligi

Antiterroristik operasiýalara Orsýet aktiw gatnaşyp biler


Wiktor Iwanow
Koalision güýçleriň Owganystanda geçirýän antiterroristik operasiýalaryna, ozaly bilen neşe söwdasyna garşy göreşe Orsýet has aktiw gatnaşyp bilerdi diýip, NATO hasap edýär.

Orsýet-NATO Geňeşiniň Brýusselde bolan maslahatyndan soň çykyş edip, Geňeşiň agzasy Jeýms Appaturaý: “Bu ýerde gürrüň neşä garşy göreş boýunça uly möçberde spesialistleri taýýarlamak hem owgan hökümet güýçleri üçin wertolýotlar bermek barada barýar” diýdi.

Maslahata gatnaşan neşe dolanyşygyna kontrollyk boýunça Orsýetiň Federal gullugynyň direktory Wiktor Iwanow: “Neşe önümçiligini ýok etmegi goşmak bilen Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmakda doly jogapkärçiligi NATO çekýär” diýdi.

Iwanow owgan neşe önümçiligine garşy göreşe umumy çemeleşmäni işläp düzmek boýunça Orsýet-NATO bilelikdäki toparyny döretmegi teklip etdi.

Orsýetiň Federal gullugynyň maglumatyna görä, owgan geroininden her ýyl Orsýetde 30 müň adam ölýär.
XS
SM
MD
LG