Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-nyň baş sekretary arap liderlere ýüzlenmekçi


Ysraýyl bilen Palestina arasynda göni bolmadyk gepleşikleri ýola goýmak boýunça ABŞ-nyň tagallalaryny goldamagy arap ýurtlarynyň liderlerinden haýyş etjekdigini BMG-nyň baş sekretary Ban Ki Mun düýn Nýu-Ýorkda yglan etdi.

Ol penşenbe güni Liwiýa ugraýar. Ol ýerde arap döwletleri Ligasynyň sammitine gatnaşar.

Ban Ki Mun Gündogar Iýerusalimde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak baradaky Ysraýylyň planynyň töwereginde “ynam krizisiniň” dörändigini belledi hem şol gurluşygy ýatyrmaga çagyrdy.

Ban Ki Mun ysraýyllylary hem palestinalylary birek-birege ynamy pugtalandyrmak hem ikitaraplaýyn alnan borçlaryny ýerine ýetirmek üçin goşmaça tagallalar etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG