Sepleriň elýeterliligi

Bu hakda Türkmenistanyň Prezidenti 2010-njy ýylyň 17-nji martynda Permana gol çekdi. Onda şeýle diýilýär: «Ýurdumyzyň oba hojalygy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň ulgamyny kämilleşdirmek hem-de oba hojalyk pudagyny ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmen oba hojalyk institutyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda Türkmen oba hojalyk institutynyň gurluşy tassyklanyldy we instituty 2010-njy ýylyň 1-nji iýunyndan işe girizmek bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşyp, Türkmen oba hojalyk institutynyň hünärler boýunça okuw meýilnamalaryny bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamak üçin bermek, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Türkmen oba hojalyk institutyna talyplary kabul etmegi 2010-2011-nji okuw ýylyndan başlap amala aşyrmak we Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Perman boýunça kabul edilen Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.»

Elbetde, ýene bir täze ýokary okuw jaýynyň döredilmegi gowy zat. Ýöne bu okuw jaýynyň döremegi bilen halk üçin bähbitli zat bolarmy? Oňa ýokary bilim almak arzuwynda gezip ýörenleriň münlerçesi okuwa girip bilermi? Bütin Türkmenistan boýunça ýokary okuw jaýlaryna kabul edilmeli adamlaryň sany bary-ýogy üç ýarym müň. Şeýle ýagdaýda täze okuw jaýynyň açylmagy her ýyl orta mekdepleri tamamlaýan ýüz müňden gowurak ýaşlaryň ýokary bilime teşneliginiň gandyrylmagyny üpjün eder diýib-ä bolmaz. Ýöne syýasat üçin, «Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýene bir ýokary okuw jaýyny açýarlar» diýip bellemek üçin, bu okuw jaýy tutaryg-a bolar.

Hemmelere mälim bolşy ýaly, oba hojalyk instituty Türkmenistanda öň hem bardy. Ýadyňyzda bolsa, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow ony «Türkmen oba hojalyk uniwersitetine» öwrüpdi hem-de oňa öz adyny dakypdy. Eger «Türkmenistanda pylança ýokary okuw jaýy bar» diýip, öwünmäge haýry bolar öýtmeseň, täze açyljak instituta alynjak talyplary öňki oba hojalyk uniwersitetiniň düzümine hem goşup bolardy. Türkmenistanyň Politehniki institutynyň Balkan welaýaty boýunça şahamçasy ýaly.

Täze açyljak institutda talyplara nähili hünärleriň beriljegini öňünden jikme-jik aýdyp bilmesek hem, çen edip bileris. Ol hünärler hem, çakymyz çak bolsa, paýtagtdaky oba hojalyk uniwersitetinde öwredilýän hünärler bolmaly: mal doktory, zootehnik, suw inženeri, daýhan birleşikleriniň buhgalteri, agronom, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary (köneçe aýdanyňda: kolhoz başlyklary), oba hojalyk maşynlarynyň tehnikleri, inženerleri.

Iş bilen üpjün ediş

Ine, oba hojalygyna zerur gerekli kadrlar. Ýöne şeýle hünärleri ele alan adamlary iş bilen üpjün etmek nähili bolar? Dogrusyny aýtsak, şeýle hünärli adamlaryň müňlerçesi kolhozlaryň ýatyrylmagy bilen işsiz galyp, häzirki döwürde başga işleriň gözleginde ýitip gitdiler.

Diňe suw inženeri hünäri bilen oba hojalyk maşynlaryna degişli hünärleri ele alanlara, daýhan birleşiklerinde buhgalter bolup işlejeklere azda-kände iş bolar. Mal doktorlary, agronomlar häzir hiç kime gerek däl. Sebäbi kolhoz ýerleri kärendeçileriň elinde. Olar kärende hojalygyna gerek her bir iş üçin öz jübülerinden töleg töleýärler. Onsoň olaryň özlerinde tejribe ýetik wagty düýn institut partasyndan turup gelen tejribesiz, ýaşajyk agronomdan maslahat almak üçin pul tölemejegi görnüp dur. Oba mallary hem şahsy hojalyklaryň elinde. Mallary aldygyna keselläp, ölüp dursa-da, şahsy hojalyklar mallary üçin doktora ýüz tutmaýarlar hem-de mallara wagtly-wagtynda sanjym etmekden gaça durýarlar. Sebäbi bu zatlar üçin ummasyz pul tölemeli bolýar. Maldar mal üçin doktora pul tölemegi halamaýar. Öňler mal doktorynyň hünäri kolhoz mallyryna gözegçilik üçin okadylýardy.

Oba hojalyk institutynyň açylmagy gowy zat. Ýöne onda beriljek bilimi häzirki - bazar ykdysadyýetine geçilýän döwre laýyklamak gerek. Mysal üçin, «fermer hojalygynyň eýesi (ýa-da ýolbaşçysy)» hünäri boýunça, «Kärende hojalygynyň eýesi» hünäri boýunça okatmaly. Goý, şahsy ferma, şahsy kärende hojalygyny edinjekleriň mal doktorynyň hünärindenem, agronomyň hünärindenem, suw inženeriniň hünärindenem, buhgalterlik hasabatyny ýöretmekdenem başy çyksyn. Şeýle ýagdaýda adamlar öz hojalyklaryny özleri gowy ýörederler hem-de iş çykdaýjysyz bolar. Ýogsam, mal doktora tölemeli, agronoma tölemeli, suw inženerine tölemeli, buhgaltere tölemeli ýagdaýda maldaryň jübüsine-de, daýhanyň jübüsine-de hiç zat düşmeýär. Özem oba hojalyk institutyna maldarçylyk fermalaryny döretjeklerden, kärendeçilik işine goşuljaklardan isledigiçe okuwa kabul etmeli. Goý, munuň üçin hökümet okuwa girjeklerden belli bir derejede töleg hem alaýsyn. Ine, şeýle ýagdaýda bazar ykdysadyýetine baryp bolar. Täze institut açyp, oňa-da öňki endige görä ýüz talyp kabul edip, olary hem gysyma gysyp saklajak bolsaň, ýa-da soňundan işsizleriň armiýasyna goşjak bolsaň, bazar ykdysadyýetine ýetip bolmaýar.

Serdar Gulgeldiýew aşgbatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG