Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-niň goldawy bilen Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk we halkara gatnaşyklary fakultetiniň studentleri halkara hukuk standartlary boýunça doly seminar geçmäge mümkinçilik aldylar.

Seminarda üns jenaýat işi prosesinde adam hukuklarynyň berjaý edilişine gönükdirildi. ÝHHG-niň Türkmenistandaky merkeziniň baştutany Arsim Zekoli şeýle diýdi: “Bu kurs studentlere diňe bir adam hukuklary boýunça halkara standartlaryna gowy düşünmeklige ýardam etmän, olaryň milli hukuk sistemasynda ulanylmagynyň mehanizmi we praktikasy bilen tanyşmaga-da kömek berer. Hut şu-da Türkmenistanyň uly möçberli hukuk reformalaryny geçirýän döwri has möhüm”.

Gozgalýan tema juda möhüm

Gozgalýan tema juda derwaýys, çünki üç ýyl mundan öň Türkmenistan dünýäniň şol hukuklary gödek bozýan zapowednikleriniň biridi. Adam hukuklary bu ýurtda diňe bir halkara ölçegleri boýunça däl, öz kabul eden kanunlary, milli däpleri nukdaýnazaryndanam gödek bozulýardy.

Onýyllyklaryň dowamynda S.Nyýazow ýurduň kanunçylygyna diňe bir hukuk hem agalyk ediji bir kanun girizipdi. Olaryň ikisi-de onuň düşünişi, göz öňüne getirişi hem şahsy islegi bilen baglydy. Tussaglary nähili şertlerde saklamalydygyny özi aýdyp berýärdi. Hökümi duran ýerinde çykarýardy. Aklamak ýa günä geçmek hukugy-da diňe onuň ygtyýaryndady. Gepiň gysgasy, ol ýurtdaky ýeke-täk kazydy.

Wagt geler, studentler türkmen diktaturasynyň deňi-taýy bolmadyk bu kanunçylyk tejribesini öwrenerler. Diktatoryň döreden hukuksyzlyk sistemasynyň jikme-jigini, detallaryny häzir öwrenip başlasalar, elbet-de, netije has gowy bolardy.

Hukuksyzlyk temasy şu günki gün Nyýazow döwründe basylan müňlerçe adamyň tussaglykda oturandygy üçin has-da ýiti bolmagynda galýar. Olaryň işine adyl däl-de, adalatsyz sudlar seredip, adalatsyz hökümler çykarypdy. Olaryň tussag edilmeginden başlap, derňew hem sud prosesleri kanunçylygyň, ýuridik düzgünleriň iň bir ýönekeý elementlerinden mahrum bolup, tutuşlygyna diktatoryň psihikasyna tabyndy. Iň bärkisi, eger halkara standartlary göz öüünde tutulsa, hasam şol ar alnanlaryň işine gyssagly ýaňadan seretmegiň zerurlygy äşgär görünýär.

Şol döwür jenaýat işleri derňelende, sud prosesinde kanunçylygyň uçdantutma bozulmalarynyň suratyny hatda ikinji, üçünji kursuň studentleri-de ýeňillik bilen çekip bilerdi. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda, 2000-nji ýyllarda Türkmenistanda sudlaryň neneňsi ýuridik, kanunçylyk nukdaýnazardan ýalňyşlyklar goýberendigini, nähili jenaýatlar edendigini islendik demokratik döwletiň islendik sudy ýüze çykaryp, olary paş edip biler.

Häzirki oturanlar

Häzirki oturan adamlaryň köpüsi jenaýat işleriniň derňeliş hem sudda seljeriş proseslerinde edilen düzgün bozmalar esasynda-da azatlyga çykarylyp bilnerdi. Şol oturanlaryň arasynda syýasy äheňler ötri gözenekden bakdyrylan adamlaram az däl. Nyýazowyň sudy hiç bir kanuna bakman, olardan gazaply öç aldy.

2002-nji ýylyň 25 –nji noýabr wakasy, S.Nyýazowyň janyna kast etmäge, döwlet agdarylyşygyny geçirmäge synanyşyk diýilýän bilen bagly diktatoryň ýuristleri ýokardan kesgitlenip berlen jeza möhletlerini ulanyp, gaty köp adamy uzak wagtlyk ýa ömürlik türme tussaglygyna ugratdy. Mundan diktatoryň maksady - öz syýasy opponentlerinden, syýasy garşydaşlaryndan dynmakdy. Şu iş üçinem ol Türkmenistanyň döwlet sud maşynyny ulandy.

Oppozisioner, öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow, onuň köp sanly tarapdarlary türkmen türmeleriniň galyň hem belent diwarlarynyň aňyrsynda ýitirim boldular.Olardan şu wagta çenli habar ýok. Şyhmyradow köpden bäri diri dälmiş diýen ýaly myş-myşlar bar.

Türkmen türme sistemasyny liberallaşdyrmagyň zerurlygy barasynda G.Berdimuhamedowyň eden çykyşlaryndan çen tutulsa, belki, ýakyn geljekde studentlere Nyýazow döwrüniň hukuksyzlyk tejribelerini öwrenmäge mümkinçilik berler.

Eger ol şeýle ediläýse, awtomatik suratda Nyýazowyň sudlarynyň çykaran hökümlerine ýaňadan seredilmegine getirer. Baş sorag: haçan? Nyýazowyň ýigrenjine duçar bolan adamlar ýene näçe wagtlap türme azabyny çekmeli?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG