Sepleriň elýeterliligi

ÝB liderleri “grek tragediýasy” boýunça duşuşýar


ÝB-niň maliýe we walýuta komissary Olli Rehn durnuklylyk boýunça ýyllyk çykyşyny edýär, Brýussel, 24-nji mart, 2010-njy yyl.

ÝB-niň maliýe we walýuta komissary Olli Rehn durnuklylyk boýunça ýyllyk çykyşyny edýär, Brýussel, 24-nji mart, 2010-njy yyl.

Ýewropa Bileleşigi “grek tragediýasy” diýilýäne bir çözgüt tapmak üçin iki aýa golaý bäri çekeleşip gelýär. Bu ýurduň 300 milliard ýewro töweregi (ýyllyk tutuş içeri önüminden-de köp) bergisi bar. Muny täzeden maliýeleşdirmek üçin oňa bir aýyň içinde 20 milliard ýewro gerek.

Gresiýanyň halkara pul bazarlaryndan kredit almak mümkinçiligi ýok diýerlik. Sebäbi oňa ynam edip, pul karz berjek ýok. Edilýän çykdajylary çäklendirip, maliýe ýagdaýyny belli bir derejä çenli düzetmek baradaky tagallalar hem protestlere getirip, ýurduň syýasy durnuklylygyna howp salyp gelýär.

Ýöne Bileleşigiň, aýratyn-da ýewro zonasynyň ýolbaşçylaryny alada goýýan Italiýa, Portugaliýa we Ispaniýa ýaly maliýe taýdan gowşak ýurtlaryň-da, Gresiýanyň gününe uçrap, umumy pul bolan ýewronyň geljeginiň howp astyna düşmegi.

Bu alada delilsiz däl

Gresiýanyň ýagdaýy we Ýewropa Bileleşiginiň bu baradaky tutumy zerarly geçen 10 aýyň içinde ýewro dollara bolan gatnaşykda aşaklap, özüniň iň pes derejesine düşdi.

Bu krizis şol bir wagtyň özünde-de Bileleşigiň içinde bölünişik döredip gelýär. Sebäbi bloguň hemmeden gurply ýurdy Germaniýa Gresiýa kömek etmekden saklanýar. Berliniň saklanmagyna sebäp bolýan zat, ýurduň konstitusion sudunyň “jemgyýetçilik pulunyň ýewro zonasyna degişli hökümetlere harçlanmagy bukanun” diýip, ençeme gezek karar çykaranlygy.

Galyberse-de, Germaniýada halkyň aglaba köplügi Gresiýany halas etmek üçin pul goýberilmegine garşy. Şol sebäpden kansler Angela Merkel maý aýynda geçmeli ýerli saýlawlary hem göz öňünde tutýar.

Birlik ýok

Gresiýa nähili kömek edilmelidigi barada ýolbaşçylaryň arasynda birlik ýok.

Germaniýa bu işe Halkara pul fondunyň garyşmagyny isleýär. Bu hem ozal edilen zat däl, onuň Ýewropa Bileleşiginiň abraýyna zyýan ýetirjekdigi görnüp dur.

Bu pikiri Fransiýa we beýleki ýurtlar goldanok. Sebäbi olar ýewro Bileleşigiň syýasy alamaty diýip garaýar. Aýratyn-da Fransiýa soňky hepdelerde Germaniýany Gresiýa we beýleki kynçylyga uçran ýurtlara kömek bermäge çagyryp geldi.

Aslynda Bileleşigiň bu günki duşuşygynda maslahatlaşylmaly “Ösüş we iş orunlary” diýip atlandyrylýan geljekki 10 ýyllyk plandy. Ýöne grek tragediýasy beýleki temalara orun goýmajaga meňzeýär.
XS
SM
MD
LG