Sepleriň elýeterliligi

Günbatar Ýewropada immigrantlar şübhe astynda


Mariýa Şukurnytska iş gözläp, mundan 12 ýyl ozal Ukrainadan Ispaniýa bardy. Ol uly kynçylyklar bilen täze ýurda öwrenişdi we şol ýerde işe ýerleşdi, Ispan dilini hem öwrendi we öz ýaşaýan şäherinde immigrantlaryň ýolbaşçysy boldy.

Emma onuň we beýleki Gündogar Ýewropa ýurtlaryndan Ispaniýa gelen immigrantlaryň üstünligi ýerli halk tarapyndan mydama o diýen oňyn garşylanyp baranok.

Haçanda ol ýerli telekanalda öz ýolbaşçylyk edýän “Oberig” diýlip atlandyrylýan ukrainaly immigrantlaryň topary barada çykyş etmäge çagyrylanda, Mariýa bu teklibi hoşallyk bilen kabul etdi. Emma Mariýa studiýa girende, gepleşigi alyp baryjy ony ukrainaly immigrant diýip tanatdy.

Onuň ýzy bilen hem diktor soňky döwürlerde regionda bolan ogurlukdyr-jümrülikleri ýatladyp, bu waka bilen gündogar ýewropaly immigrantlaryň ilteşiginiň bardygy ýaly äheňde çykyş etdi.

Mariýanyň aýtmagyna görä, bu hereket özünde erbet täsir galdyrypdyr: “Men gaty gynandym, biziň guramamyzyň günäsi näme? Gündogar Ýewropadan Ispaniýa baran adamlaryň 99 %-i diňe işlemäge we iş tapmaga baran adamlar, olaryň maksady kimdir birine zeýan ýetirmek däl”.

Esasy problema

Ýaňy-ýakynda Günbatar Ýewropada guramaçylykly jenaýata goşulanlykda aýyplanyp, 80 töweregi immigrant tussag edildi, olaryň köpüsi gürjülerdir.

Bu wakadan soň Mariýa we onuň guramasyna garşy ýöňkelýan aýyplamalaryň we günälemeleriň barha artmagy mümkin. Onuň esasanam Ispaniýada şeýle boljakdygyny aýtmaga esas bar.

Mariýa bilen bir hatarda beýleki synçylar medianyň Ispaniýanyň jenaýatçy toparlar bilen gündogar ýewropalylaryň arasynda ilteşik bar ýaly edip habarlar çap etmeginiň, immigrantlar hakda ýaramaz pikiriň döremegine sebäp bolýanlygyny aýdýarlar.

Asly ukrainaly bolan Nataliýa Şapowalowa düýbi Madridde ýerleşýän Halkara gatnaşyklar we Daşarky dialoglar boýunça fonduň işgäridir. Ol bu barada şeýle diýýär: “Islendik jemgyýetde käbir otrisatel tipler we ýaramaz adamlar bolýar. Ispaniýada ýaşaýan gündogar ýewropaly immigrantlar bilen bir hatarda beýleki islendik jemgyýetde-de kiçeňräk mafiýa toparlary, ýagny sanlyja ýaramaz adamlar hereket edýärler”.

“Emma esasy problema mediada çap edilýän habarlardyr. Sebäbi mediada gündogar ýurtlardan Ispaniýa baran işçi immigrantlar bilen bu ýurtda bolýan dürli jenaýatçylygyň arasynda ilteşik bar ýaly äheňde çap edilen habarlara wagtal-wagtal gözüme ilýär. Emma olaryň çagalara we garrylara seredýänligi, şeýle-de Ispaniýanyň ykdysadyýetine goşýan goşandy barada o diýen habarlar gözümize ilmeýär. Onsoň, elbetde, şeýle pikirler dörär, bu kadaly ýagdaydyr” diýip, asly Ukrainaly Nataliya gürrüň berdi.

Geçirilen operasiýalar

Ispaniýada geçen hepde polisiýa güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýalarda azyndan 21, Awstriýada bolsa 25 adam tussag edildi. Şeýle-de Fransiýada, Italiýada, Şweýsariýada we Germaniýada hem tussag edilenler boldy. Olaryň ählisi diýen ýaly etnik gürjüler ekeni. Tussag edilenleriň arasynda şubheli bir toparyň ýolbaşçysy we asly Gürjüstandan bolan Kakhaber Şuşanaşwiliniň hem bardygy aýdylýar.

Ady agzalýan gürjüniň tutuş Ýewropada hereket edýän bir jenaýatçy toparyň ýolbaşçysydygy aýdylýar.

Ispaniýaly ýolbaşçy Sesar Utrera Molina geçen hepde amala aşyrylan şol operasiýalar barada eden çykyşynda şeýle habarlaryň çap edilmeginiň bu ýurtda ýaşaýan Gündogar Ýewropadan bolan adamlara peýda ýetirmeýänligini boýun aldy.
XS
SM
MD
LG