Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Päkistanda howa hüjümi netijesinde 61 adam öldürildi


Päkistanyň resmileriniň beren maglumatlarynda ýurtda howa hüjümi netijesinde ýaragly söweşiji diýlip şübhe edilen 61 adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Maglumatlara görä, hüjümiň barşynda Orakzaý welaýatynyň Mamuzaý regionynda ýerleşýän dini merkez oka tutulypdyr.

Bu dini merkezde geçirilen seminara Talyplaryň liderleriniň gatnaşýandygy baradaky habar gowuşdy diýlip, maglumat berilýär.

Bu wakada heläk bolanaryň sanyny garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklamak başartmady.


XS
SM
MD
LG