Sepleriň elýeterliligi

Brýusselde Gresiýa bilen bagly sammit geçirildi


25-nji martda Gresiýanyň maliýe kynçylyklaryna bagyşlanyp Brýusselde geçirilen Ýewropa Bileleşigine ýurtlarynyň liderleriniň sammitinde eden çykyşynda, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bu ýüze çykan ýagadaýdan Ýewropa Bileleşiginiň hemme ýurtlaryna howp abanýandygyny belledi.

Şeýle hem Angela Merkel ýewrozolagyna girýän ýurtlar bu baradaky kriteriýalary talaba laýyk ýerine ýetirmedik halatynda, olary ýewrozolagyndan çykarmak babatda kanuny üýtgetme girizmegi teklip etdi.

Bu duşuşykda Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlar birigip Gresiýa maliýe kömegini berermi ýa-da Gresiýa öz kynçylyklaryny çözmek üçin Halkara Walýuta Fonduna ýüzlenmelimi diýen mesele boýunça geňeşdiler.

Angela Merkel Gresiýadaky krizisden başga çykalga bolmadyk ýagdaýda iň soňky çäre hökmünde bu ýurda maliýe kömeginiň beriljekdigini belledi.

Grek häkimiýetleri döwlet býujetiniň defisitini kemeltmek maksady bilen ýurtda salgydy köpeldip, pensiýalary doňdurmak ýaly çäreleri amala aşyrdylar.

Häzir Gresiýadaky ykdysady kynçylyklar sebäpli ýewronyň hümmeti soňky 10 aýyň dowamynda iň pes derejä gaçyp, indi bir ýewronyň dollara gatnaşygy 1.33-e barabar boldy.
XS
SM
MD
LG