Sepleriň elýeterliligi

Saglyk reformasy baradaky kanunyň proýekti ýene Kongresde


Ýakynda ABŞ-da kabul edilen saglyk reformasy baradaky kanunyň proýekti prosesual nätakyklyk sebäpli gaýtadan Kongresiň Wekiller palatasynyň garamagyna geçirilýär.

Maglumatlara görä, ABŞ-nyň Respublikan partiýasyndan bolan kongresmenler bu kanunyň proýektinde bolan iki tehniki nätakyklygyň düzedilmegini talap edýärler.

Dokument düzedileninden soň, ol gaýtadan Senat tarapyndan tassyklanyp, prezident Obama oňa ýene bir gezek gol çekmeli bolar.

Täze kanun esasynda, şu wagta çenli hiç hili medisina ätiýaçlandyryşy bolmadyk 32 million amerikaly bu sistema goşular.
XS
SM
MD
LG