Sepleriň elýeterliligi

"Merkezi Aziýa möhüm energiýa çeşmesi"


Owganystan Türkmenistandan, Täjigistandan we Özbegistandan elektrik energiýasyny import edýär.

Owganystan Türkmenistandan, Täjigistandan we Özbegistandan elektrik energiýasyny import edýär.

Bütindünýä Banky 18-nji martda Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça hasabatyny ýaýratdy. Şol hasabatda ady agzalýan sebitde elektrik energiýasynyň üpjünçiligi meselesine garalýar.

Hasabatda bellenişine görä, regionyň ýerasty energiýa serişdelerine baý bolmagyna garamazdan, elektrik togunyň üpjünçiligi boýunça geljekki ýyllaryň dowamynda dürli problemalaryň ýüze çykmagy mümkin.

Şol hasabatda aýratynam gidroelektrik serişdelerini öndürýän kärhanalaryň aşa könelenligi mälim edilip, Sowet Soýuzy dargandan bäri bu pudaga ýeterlik maýa goýulmanlygy aýdylýar.

Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy Bütindünýä Bankynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň durnukly ösüş boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Peter Thomson bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz ýaňy-ýakynda ýaýradan hasabatyňyzda Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropanyň elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini bellediňiz, bu barada bize dolurak maglumat berip biljekmi?

Peter Thomson: Gündogar Ýewropa bilen öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlar geçen 20 ýylyň dowamynda, umuman aýdylanda, energiýa infrastrukturasyna o diýen kän maýa goýmady. Bu hem ady agzalýan regionda bu sektoryň gowşamagyna getirdi.

Elektrik öndürýän kärhanalaryň 80 %-den köpüsi mundan 40 ýyl ozal gurlan, şunlukda şol regiony ýyladyş sistemasy we elektrik üpjünçiligi boýunça gaty könelen infrastrukturadan peýdalanýar. Bu sektoryň aýaga galdyrylmagy we elektrik toguna bolan talabyň ödelmegi üçin bu pudaga maýa goymaklyk zerur. Geljek 20 ýyl göz öňünde tutulanda, bu maýanyň möçberiniň tutuş region boýunça 3,3 trillion dollara barabar bolmagy mümkin.

Bu serişdäni tapmak üçin sebitde ýerleşýän ýurtlar hususy sektory ösdürmek barada tagalla etmeli, sebäbi olar bu serişdäni şol sektordan üpjün etmeli bolarlar. Bu hem şol regionyň hususy sektora garaýşyny düýpden üýtgetmegini talap edýär, ýagny olar bu pudagy maýa goýujylar üçin has bähbitli biznese öwürmäge mejbur.

Azatlyk Radiosy: Merkezi Aziýa barada gürrüň edilende, şol regionda ýerleşýän ýurtlaryň köpüsi gaza we nebite baý, beýleki tarapdan, Täjigistan bolsa geçen alty aýdan bäri elektrik ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz. Aýtjak bolýan zadym, belkem, bu problemanyň hötdesinden gelmek üçin sebitde ýerleşýän ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy artdyrmak zerurdyr, bu barada siz näme diýmekçi?


Peter Thomson: Elbetde, Merkezi Aziýa gaz we nebit serişdelerine baý region, olar beýleki ýurtlaryň energiýa hajatlaryny üpjün etmek nukdaýnazaryndan möhüm çeşme bolup durýar. Emma şol bir wagtyň özünde Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň köpüsi öz gidroenergiýa pudagyny ösdürmäge-de üns bermeli, sebäbi bu pudagy ösdürmäge amatly şertler bar.

Emma bu region bilen bagly başga bir kynçylyk hem bar. Meselem, Sowet Soýuzy döwründe regionyň energiýa serişdelerini dolandyrmak boýunça merkezi sistema bardy. Soýuz dargandan soň, her ýurt bu pudagy özüçe dolandyryp başlady, bu hem käbir problemalaryň döremegine sebäp boldy.

Sowet döwründe gidroenergiýa sistemasy tutuşlygyna diýen ýaly suwaryş sektorynyň talaplaryny üpjün etmek üçin ýola goýlupdy, elektrik öndürmeklik mydama bu sektorda ikinji plandady. Şonuň üçin Merkezi Aziýada suwuň çeşmesi diýlip hasaplanýan Gyrgyzystandan we Täjigistandan gözbaş alýan suw Özbegistana, Türkmenistana we Gazagystana uly peýda ýetirýär.

Suwyň çeşmesi bolan Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly ýurtlara Sowet döwürinde şol suwdan peýdalanýan beýleki respublikalardan elektrik togy berlerdi. Şol ýurtlara gaz we kömür hem iberilerdi.

Sowet Soýuzy dargandan soň, her ýurt öz başyny özi çaramaly boldy, onsoň bu ugurda problemalar ýüze çykyp başlady. Sebäbi Özbegistan, Gazagystan we Türkmenistan ýaly ýurtlar şol suwdan henizem peýdalanýarlar, emma onuň deregine olar Täjigistan bilen Gyrgyzystana mugt elektrik bermegi bes etdiler.

Bu barada geljekde çykaýmagy mümkin ylalaşmazlyklaryň öňüni almak üçin şol ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy zerurdyr. Esasanam regionyň suw resuslaryny, elekterik energiýasyny hemem ýerleri suwarmak boýunça şol serişde-den ulanylyş düzgünini kadalaşdyrmak barada hyzmatdaşlyk edilmegi zerur.

Biz Bank hökmünde bu ugurda aktiw iş alyp barýarys. Bu pudak boýunça käbir proýektlerimiz bar. Biz şol ýurtlaryň bu meseläniň çözgüdini tapmak üçin bilelikde iş alyp barmaklarynyň zerurdygyna olaryň ünsüni çekip gelýäris.

Azatlyk Radiosy: Siz gidroelektrik energiýasy sistemasyndan sebitde, umuman, suwaryş maksady bilen peýdalanýandyklaryny aýtdyňyz, emma Özbegistan ýaly ýurtlar, Täjigistanda gurulmaly suw bendine garşy çykyp gelýär. Bu baradaky problema siz nähili garaýarsyňyz?

Peter Thomson: Men bu barada sizi diňe Bankyň garaýşy bilen tanyşdyryp biljek. Biziň pikirimizçe, sebitde ýerleşýän ýurtlaryň ählisi haysydyr bir proýekte başlamazdan ozal şol taslamanyň tutuş regiona ýetirjek peýdasy we zyýany barada pikirlenmeli we özara ylalaşyga gelmeli, bu olaryň ählisiniň bähbidine bolar.

Eger Täjigistanda guruljak suw bendi we onuň ýetirjek täsiri barada Özbegistan halkara ekspertler tarapyndan barlag geçirilmegini talap edýän bolsa, bu ýerliksiz talap däl. Şol proýektiň regiona we Täjigistana ýetirjek täsiri barada doly maglumat ýygnamaklyk, elbetde, Täjigistanyň hem bähbidine tamamlanýar. Ýagny, ähli ýurtlar bileleşip karara gelseler, has gowy netije alyp bolar.

Azatlyk Radiosy: Mundan birnäçe gün öň Gazagystan bilen Özbegistanyň prezidentleri duşuşyp, Täjigistanda gurulýan bent bilen bagly dünýä bankynyň gözegçiliginde barlaglar geçirilmegini we bu barlaglaryň netijesi çap edilýänçä, bendiň gurluşyk işleriniň togtadylmagyny talap etdiler. Emma Täjigistan bu talaba gulak asmajak ýaly, bu ýagdaýa nähili çözgüt tapyp bolar?

Peter Thomson: Meniň pikirimçe, iň gowy çözgüt bu baradaky barlaglaryň haýal etmezden geçirilmegidir. Şonda mundan beýläk näme etmeli diýlen meselede düşünişmezlikler azalar. Sebäbi şeýle barlaglar geçirilen halatynda bu barada belli bir ylalaşyga gelner. Biz bu meseläniň çözgüdi we bu barlaglaryň mümkingadar tiz amala aşyrylmagy üçin elimizden gelen tagallany etmäge taýýar.

Biz şol bir wagtyň özünde-de Täjik ýolbaşçylary bilen hem gepleşikleri dowam etdirip, şeýle barlaglaryň olaryň hem bähbidinedigini, şeýlelikde bu barlaglar geçirilip onuň netijesi yglan edilýänçä, bu bent bilen bagly gurluşyk işleriniň belli bir böleginiň togtadylmagy barada olary razy etmäge synanyşyp gelýäris.

Azatlyk Radiosy: Eger “Roghan” atly bu bent Täjigistanda gurulsa, bu Özbegistan we Gazagystan ýaly ýurtlar üçin has köp suw tygşytlamaga hem ýardam eder. Suw gaz ýa nebit ýaly ätiýaçlyk görnüşinde saklanyp bilinjek zat däl, ol hökmän akmaly, bu pikire siz nähili baha bermekçi?

Peter Thomson: Haçanda suw bendini gurmak ýaly proýekt barada iş alyp baranyňyzda, siz akar suwuň öňüne böwet basmaly. Bu, elbetde, gaz ýa nebit serişdesi ýaly däl, gaz-nebiti ätiýaç üçin saklap, diňe islän wagtyňda olardan peýdalanyp bolýar. Emma suw bilen bagly gürrüň edilende, munuň dolanyşygy kadaly ýagdaýda amala aşyrylsa, gowy bolar.

Ekspertler bu proýektiň düzgünleriniň hiç bir toparyň bähbidine gapma-garşy gelmezligi üçin sebitdäki ýurtlara bu meselä dogry çemeleşmäge kömek ederler.

Onsoň bu sistemany dolandyrmak düzgüni ýola goýlan halatynda suwyň bol we gyt bolan wagtlarynda hem ondan tygşytly peýdalanmaga mümkinçilik dörär.

Azatlyk Radiosy: Regionda suw bolsun ýa elektrik togy, dartgynlyga sebäp bolaýjak dürli problemalar keserip dur, umuman aýdylanda, şeýle kynçylykaryň hötdesinden nähili gelip bolar?

Peter Thomson: Häzirki ýagdaý göz öňünde tutulanda, geljekde bolaýmagy mümkin elektrik ýetmezçiligi baradaky problemany çözmek boýunça şu wagt tutuş region üçin mümkinçilik döreýär. Şol ýurtlar häzirki mümkinçiliklerden peýdalanyp, bu pudagy halkara we hususy şirketler üçin maýa goýmak jähtinden bähbitli sektora öwürmäge synanyşmaly.

Şol bir wagtyň özünde-de Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlar häzirki döwürde ykdysadyýetini köp ugurly etmäge synanyşýarlar. Bu, elbetde, şol ýurtlaryň Orsýetden ýüz öwürjekdigini aňlatmaýar, emma şeýle syýasat sebitde ýerleşýän ýurtlaryň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen ädimdir.

Azatlyk Radiosy: Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlar bilen Owganystan we Pakistanyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak nukdaýnazaryndan siz näme aýdyp biljek?

Peter Thomson: Biziň Bankymyz beýleki donor guramalar bilen bir hatarda geljekde Merkezi Aziýadan Owganystanyň üsti bilen Pakistana elektrik energiýasyny eksport etmek baradaky plan boýunça iş alyp barýarys.

Meniň pikirimçe, Merkezi Aziýanyň, iň bärkisi tomus we ýaz aýlarynda Owganystanyň we Pakistanyň belli bir regionlarynyň elektrik ýetmezçiligini üpjün etmäge ýagdaýy bar. Bu barada biz uzak wagtdan bäri pikirlenýäris. Elbetde, bu proýekte ençeme ýurduň dahyly bar we ony amala aşyrmak aňsat däl. Emma biz bu baradaky tagallalarymyzy dowam etdireris.

Sebäbi, biziň pikirimizçe, Merkezi Aziýa Owganystana, Pakistana hatda Hindistana-da energiýa eksport edip biljek serişdelere eýe.
XS
SM
MD
LG