Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gresiýa beriljek krizis fondy 22 milliard € töweregi bolar


Häzir agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän Gresiýa maliýe kömegini bermek boýunça öz wariantyny Fransiýa we Germaniýa teklip etdi.

Bu teklibi ýewrozolaga girýän 16 ýurduň ählisi goldady. Gresiýa beriljek krizis fondy 22 milliard ýewro töweregi bolar. Şol puluň esasy bölegini ýewrozonadaky ýurtlaryň bermeli boljakdygy habar berilýär.

Gresiýanyň ykdysadyýetine goldaw çärelerine Halkara Pul Fondy-da gatnaşar.

Gresiýanyň premýer-ministri Georgios Papandreus Brýusselde gelnen karara kanagatlanma bildirdi.
XS
SM
MD
LG