Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň Şwesiýadaky ilçisi işine girişer


Türkiýäniň Şwesiýadaky ilçisi ýakyn günlerde işine girişer diýip, Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly aýtdy.

Synçylar Ankaranyň bu kararyna Ermenistan bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmaga synanyşyk hökmünde baha berýärler.

Türkiýäniň ilçisi Zergun Koritürk iki hepde mundan öň Birinji jahan urşy wagty Osman imperiýasynda ermenileriň köpçülikleýin öldürilmegini şwed parlamentiniň genosid atlandyrmasyna protest hökmünde Stokgolmdan yzyna çygyrylypdy.

Ermenileriň ölümini Türkiýe imperiýanyň territoriýasyndaky graždanlyk urşunyň netijesi hasap edýär.
XS
SM
MD
LG