Sepleriň elýeterliligi

Ukraina satylýan ors gazynyň bahasy üýtgär


“Ukraina berilýän gazyň bahasyny üýtgetmek meselesini maslahatlaşmaga Orsýet taýýar” - diýip, Orsyetiň premýer-ministri Wladimir Putin Moskwada ukrainaly kärdeşi Nikolaý Azarow bilen gepleşiklerden soň aýtdy.

Putiniň sözlerine görä, “Günorta” we “Demirgazyk” akym proýektleriniň gurulýandygyna garamazdan, Ukrainanyň gaz transport sistemasyny dolandyrmak boýunça konsorsiuma gatnaşmak bilen Orsýet gyzyklanýar.

Öz nobatynda Nikolaý Azarow ors kompaniýalary bilen bagly Kiýew tarapyndan dostlukly däl ädimleriň ädilmejegine, mart aýynda berlen gaz üçin tölegiň 7-nji aprele çenli ediljekdigine W.Putini ynandyrdy.

Häzir Ukraina akdyrylýan gazyň müň kubometriniň bahasy 330 dollardan geçýär. Ol Ewrobileleşigiň käbir döwletlerine satylýan bahadan bir ýarym esse, goňşy Belarusa berilýänden iki esse ýokarydyr.
XS
SM
MD
LG