Sepleriň elýeterliligi

Kompýuter internet hakerine 20 ýyl iş kesildi


Millionlarça amerikalynyň kredit karty baradaky maglumatlary internet arkaly ogurlan komp'ýuter hakerini ABŞ-nyň sudy 20 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

28 ýaşly Albert Gonsales iň uly amerikan kompaniýalarynyň internet saýtyna girmekde geçen ýyl aýyplanypdy.

Gonsales hakerler toparyna ýolbaşçylyk edipdir, derňew şol toparda güman edilýänleriň arasynda orsýetlileriň hem ukrainalylaryň bardygyny belleýär.

Gonsalesiň toparynyň ýetiren zyýanyna 200 million dollar baha kesilýär.
XS
SM
MD
LG