Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanda medisina işgärleriniň ýurtdan çykmagy çäklendirilýär


Anna güni Özbegistanyň häkimiýetleriniň daşary ýurtlara çykýan medisina işgärleri babatda täze gözegçilik düzgünlerini güýje girizendikleri barada maglumat alyndy.

Merkezi Aziýa regiony boýunça iş alyp barýan hökümete degişli bolmadyk «The expert working group» atly barlaglar topary bu barada ýaýradan beýanatynda Özbegistanyň häkimiýetleriniň daşary ýurtlara çykýan medisina işgärlerine kontrollyk etmek boýunça ýörite täze çäklendiriji düzgünleri girizendiklerini mälim etdi.

Bu maglumata görä, indi daşary ýurtlara gidip gelýän medisina işgärleri ýurda dolananlaryndan soň üç günüň içinde özleriniň daşary ýurtlarda alyp baran işleri barada häkimiýetlere jikme-jik ýazmaça hasabat bermeli.

Şeýle hasabaty bermedik lukmanlara indiki gezek ýurtdan çykmaklygyň gadagan edilmek howpunyň bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG