Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde 30 sany wýetnamly zähmet migranty zamunlykdan azat


Anna güni Orsýetiň organ işgärleri Moskwa şäheriniň etegindäki Ýegorýewsk şäherçesinde gulçulyk ýagdaýynda işledilen 30 sany wýetnamly zähmet migrantyny zamunlykdan azat etdi.

Maglumata görä, bu zähmet migrantlary Ýegorýewsk şäherçesindäki tikinçilik fabrikasynda gulçulyk şertlerinde aýlyk-günlüksiz işledilipdir.

Orsýetiň Içeri işler ministrligi Wýetnamyň bu raýatlarynyň bir jenaýatçy topar tarapyndan gorky astynda gabalyp saklanyp, şeýle şertlerde işledilendiklerini mälim etdi. Maglumata görä, bu jenaýatçylykda aýyplanylyp häzirki wagt üç adam tussag edilipdir.
XS
SM
MD
LG