Sepleriň elýeterliligi

Gürji protestçiler Buşuň adynyň köçeden aýrylmagyny talap etdi


Anna güni Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside protestçileriň bir topary bu şäheriň köçelerinden birine ady dakylan Birleşen Ştatlaryň ozalky prezidenti Jorj Buşuň adynyň ol köçeden aýrylmagyny talap edip, demonstrasiýa geçirdi.

Bu protest çäresini gurnan we oňa ýolbaşçylyk eden gürjüstanly kino režissýory Zaza Swanidze žurnalistlere beren interwýusynda «Biziň häzirki hökümetimiz Birleşen Ştatlaryň daşary syýasatynyň önümi, ol bolsa biziň ýurdumyza hiç hili gowulyk getirmedi» diýip, nygtady.

Gürjüstanyň häzirki prezidenti Mihail Saakaşwili 2004-nji ýylda «Bägül rewolýusiýasy» diýlip at berlen halk çykyşlarynyň netijesinde häkimiýet başyna gelipdi. 2005-nji ýylyň sentýabrynda bolsa, Tbilisiniň halkara aeroportyndan şäheriň merkezine barýan esasy transport ýoluna Jorj Buşuň ady dakylypdy.
XS
SM
MD
LG