Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde Adolf Gitleriň «Mein Kampf» kitaby gadagan


Anna güni Orsýetiň Baş prokuraturasy bu ýurtda Adolf Gitleriň «Mein Kampf» kitabynyň çap edilmegini we ulanylmagyny gadagan ediji karar çykardy.

Baş prokuratura munuň sebäbini Orsýetde ekstremistik meýilli milletçilik hereketleriniň kem-kem ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak çäreleri bilen düşündirýär.

Prokuraturanyň bu karar bilen baglanyşykly ýaýradan beýanatynda Adolf Gitleriň «Mein Kampf» kitabynda «ariý» däl diýlip hasaplanylýan milletlere garşy diskriminasiýanyň wagyz edilýändigi we munuň jemgyýete ýaramaz howplarynyň bardygy nygtalypdyr.

Orsýetiň Baş prokuraturasynyň çykaran bu kararyna görä, indi bu kitabyň Orsýetde satuwa çykarylmagyna ýa-da ýaýradylmagyna kanun bozma hökmünde garalar.
XS
SM
MD
LG