Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel Gresiýa maliýe ýardamynyň beriljekdiginden hoşal


Anna güni Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Brýusselde geçen Sammitde ýewro pul birligini ulanýan ýurtlaryň Gresiýa maliýe ýardamyny bermek baradaky gelen kararyndan özüniň hoşaldygyny aýtdy.

Mundan öň Gresiýa bular ýaly maliýe ýardamynyň berilmegine garşy çykyş edip gelen Angela Merkel anna güni žurnalistlere beren interwýusynda Gresiýanyň maliýe ýagdaýynyň gowulanmagynyň ýewro pul birliginiň hümmetiniň hem durnuklaşmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Brýusseldäki Sammitde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar Halkara pul fondy bilen bilelikde Gresiýa pul kreditini bermek barada ylalaşyga geldiler.

Ýöne bu ylalaşyga görä, ilki Gresiýanyň özüne maliýe bazarlaryndan özi üçin zerur pul fondlaryny döredip bilmegi üçin möhlet berler. Berlen möhletde onuň şeýle zerur fondlary döredip bilmedik halatynda, oňa kredit bermeklik göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG