Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

START-yň beýleki ugurlara-da peýdasy degermi?


Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Orsýetiň arasynda strategik ýaraglar baradaky täze şertnama hakda giden çekişmeleriň gowy netijeler bilen soňlanmagyna bir ýyla golaý wagt gerek boldy.

Indi Waşington bilen Moskwa START diýlip atlandyrylýan strategik ýaraglaryň sanyny çäklendirmek baradaky täze şertnama gol çeker-çekeriň üstündekäler ekspertler: “Bu ylalaşygyň beýleki ugurlara-da peýdasy deger” diýýärler.

Mysal üçin, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departmentiniň öňki işgäri, ýaraglara kontrollyk meseleleri we Orsýet babatda spesialist Stewen Piferiň garaýşyça, START şertnamasy ors-amerikan gatnaşyklarynda konstruktiw rol oýnap, iki tarapa-da peýdaly bolar.

“Geçen 30-40 ýyllykda Birleşen Ştatlaryň Sowet Soýuzy we Orsýet bilen bolan gatnaşyklaryna seretseňiz, haçan ýaraglara kontrollyk barada öňegidişlik bolan bolsa, onuň iki tarapyň arasyndaky gatnaşyga giňden oňaýly täsir edenligini görersiňiz. Bu täsirleriň uzaga çekmedik mahallary hem boldy. Ýöne köplenç gatnaşyklary güýçlendirdi” diýip, Pifer aýdýar.

Dogrudanam, START meselesinde üstünlik gazanylandygy bildirileninden birje gün soň, 25-nji martda, Orsýetiň Daşary işleri ministrliginiň sözçüsi Andreý Nesterenko Birleşen Milletler Guramasynyň Tähran baradaky sanksiýalarynyň täze tapgyryny Moskwanyň goldamaga meýilsiz däldigini mälim etdi.

“Bu ugurda görnüp duran öňegidişlik bolmasa, biz sanksiýalar arkaly Eýrana gysyş görkezmek mümkinçiligini göz öňüne getirmän duramzok. Ýöne, biziň garaýşymyzça, bu sanksiýalardan maksat ýurdy maliýe we ykdysady taýdan bogmak däl-de, atom ýaraglaryny ýaýratamzlyk bolmaly” diýip, Nesterenko aýtdy.

Bir ýyla golaý maslahatlaşyldy

Amerikanlar bilen orslar täze START şertnamasyny howpsuzlandyrmak üçin bir ýyla golaý gepleşik geçirdiler. Geçen dekabrda möhleti soňlanan öňki şertnama 1991-nji ýylda Amerikan prezidenti George H.W. Buş bilen Mihail Gorbaçýow gol çekipdiler.

Ozal göz öňünde tutulyşyna görä, täze şertnama gol çekişmek işi 5-nji dekabra çenli tamamlanmalydy. Ýöne bu iş bolmady. Muňa sebäp bolan hem barlamak proseduralary barada oňuşmazlyk, şeýle hem orslaryň Birleşen Ştatlaryň Ýewropada raketadan goranyş sistemasyny ýerleşdirmek planyny START geplşikleri bilen baglanyşdyrmaga synanyşmagy boldy.

Moskwaly analizçi Aleksandr Golts muny şeýle düşündirýär: “Gepleşikler syýasy häsiýetlidi. Orsýet raketadan goranyş sistemasyna Amerikanyň Ýewropadaky täsirini artdyrjak zat diýip garaýar. Şol sebäpden ol raketadan goranyş sistemasy Orsýetiň ýadro potensialyna howp salýar diýip, delil getirmäge synanyşdy. Ýöne bu dogry zat däl. Muny spesialistleriň hemmesi bilýärler”.
XS
SM
MD
LG