Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde ulagy içgili sürmegi gadagan edýän täze kanun gün tertibinde


Şu gün Orsýetiň prezident administrasiýasy islendik möçberdäki alkogol içgili halda ulag sürülmegini gadagan edýän täze kanuny proýekti ýurduň parlamentine hödürledi.

Prezident Dmitriý Medwedew tarapyndan öňe sürlen bu kanuny proýekt belli bir möçberde alkogol içgili ulag sürmäge rugsat berýän ozalky düzgünleri ýatyrmaklygy göz öňünde tutýar.

Orsýetdäki häzirki bar bolan kanunçylyk sürüjiniň ganynda 0.03 prosent alkogolyň bolmagyna rugsat berýär.

Prezident Medwedew sürüjilere hat-da az-owlak möçberde spirtli içgi içmeklige rugsat berilmeginiň hem bu kanunyň bozulmagyna sebäp bolýandygyny aýdyp, sürüjilere spirtli içginiň islendik möçberiniň hem gadagan edilmelidigini öňe sürýär.

Orsýetiň hökümetiniň resmi statistikasyna görä, geçen ýyl Orsýetde sürüjileriň serhoş halda transport heläkçiligine uçramaklary netijesinde 2 müňden hem gowrak adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG