Sepleriň elýeterliligi

Ban Ki Mun arap ýurtlarynyň liderlerine ýüzlendi


Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki Mun arap ýurtlarynyň liderleriniň Liwiýada geçirýän Sammitine ýörite ýüzlenme bilen ýüzlendi.

Hususan-da, ol arap döwletleriniň liderlerini Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda göni bolmadyk parahatçylyk gepleşiklerini ýola goýmak ugrunda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň görkezýän tagallalaryny goldamaklyga çagyrdy.

Şeýle hem, ol öz ýüzlenmesinde ysraýyl-palestin konfliktini özygtyýarly Ysraýyl we Palestina döwletlerini döretmek baradaky parahatçylykly gepleşikler arkaly çözmekden başga alternatiwanyň ýokdugyny nygtady.
XS
SM
MD
LG