Sepleriň elýeterliligi

Dünýädäki meşhur diňleriň yşyklary bir sagatlap öçüriler


Şu gün dünýäniň dürli ýurtlarynyň esasy şäherlerinde käbir meşhur diňleriň we monumentleriň elektrik yşyklaryny öçürmek boýunça ýörite çäreler geçirilýär.

Belli-belli jemgyýetçilik we medeni binalarda agşam bir sagatlap elektrik yşygyny öçürmek çäresi ilkinji gezek 2007-nji ýylda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde başlanypdy we oňa «Ýer sagady» diýlip at berlipdi.

Bu çäre Ýer planetasynda elektrik energiýasyny we tebigy resurslary tygşytlamaga bolan zerurlyga ünsi çekmekligi maksat edinýär.

Şu çäräniň hatyrasyna şu gün agşam dünýäniň 120-den hem gowrak ýurdunda 4 müň töweregi şäherde belli-belli binalarda we diňlerde elektrik yşyklary öçüriler diýlip garaşylýar.

Geçen ýyl «Ýer sagady» atly bu çärä dünýäniň 88 şäheri gatnaşypdy.
XS
SM
MD
LG