Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna bardy


Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranda gurnalýan Nowruz baýramçylygyna gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasyna bardy.

Eýranyň häkimiýetleri bu baýramçylyga Türkmenistanyň prezidenti bilen birlikde käbir beýleki goňşy döwletleriň-de liderlerini çagyrdylar.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy Eýranda ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlaryň hormatyna bu Nowruz baýramçylygyna gabatlanylyp ýörite baýramçylyk çäreleriniň taýýarlanandygyny habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýrana edýän bu saparynyň barşynda käbir işewur duşuşyklaryň hem geçirilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG