Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow hakdaky kitap türk dilinde


Meşhur satiriki hekaýalaryň awtory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekowyň ýazan «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitaby ýaňy-ýakynda türk dilinde neşir edildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ömri we alyp barýan işi barada söhbet açýan bu kitap geçen ýylyň ahyrynda ilkinji gezek öz okyjylaryna türkmen dilinde gowşupdy. Şu ýylyň fewralynda bolsa bu eser iňlis, rus, nemes dillerinde neşir edildi.

«Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» kitabynyň her gezekki neşirinde bolşy ýaly, onuň türk dilindäki neşiriniň çap bolmagy hem uly dabara ýugruldy.

Kitabyň ilkinji tanyşdyrylyşy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aktlar zalynda geçirildi. Bu ýerdäki bolan tanyşdyrylyş dabarasynynyň dowamyny bolsa ýurduň jemgyýetçilik guramalary alyp göterdiler.

Şu günler edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda bu kitabyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Duşuşyklarda kitabyň awtory barada gürrüň açylmaýar.


Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG