Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Iliç çyrasy"


Bütin ýurdy elektrifikasiýalaşdyrmak hakdaky karara Wladimir Iliç Lenin özi dirikä gol çekenem bolsa, mekdeplerde çagalara «Iliç çyrasy» diýlip öwredilen elektrik energiýasy türkmenleriň öýlerine müň dokuz ýüz altmyşynjy ýyllarda geldi.

Hatda oba ýerlerine ol 1965-nji ýyllarda çekilipdi. Gündizlerine tok bolmazdy. Diňe agşamlaryna - mazaly garaňky düşensoň elektrik çyralary ýakylyp, gije 11-de hem ol öçürilerdi. Ol wagtlar obalarda telewizor, holodilnik diýen zat bolmazdy.

Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda elektrik energiýasy Türkmenistanyň ähli ýerine doly berildi hem-de ol gije-gündiz öçürilmän, halka hyzmat etdi. Elbetde, geleňsiz elektrikler sebäpli, üzülen simler wagtynda dakylman, «Iliç çyrasynyň» ençe günläp ýanman durýan wagtlary-da bolýardy.

Garaşsyzlykdan soň...

Garaşsyzlykdan soň, Türkmenistan elektrik energiýasyna iň bir baý döwletleriň birine öwrüldi. Türkmenistanyň merhum prezidenti Saparmyrat Nyýazow elektrik energiýasy babatda halk üçin gowy iş bitirdi. Elektrik energiýasy diňe bir Türkmenistanda iň bir peýdaly hem bol energiýa öwrülmän, eýsem, ol goňşy döwletlere-de ugradyldy. Täjigistan, Eýran, Owganystan ýaly goňşy döwletler Türkmenistandan energiýa bolçulygyny alýarlar. Şeýle hem öňler - sowet döwründe gowşajyk şemalda, ýagyşda öçüp duran elektrik togy has kämilleşdirilip, çyralar aňsat-aňsat öçmez ýaly edildi.

Galkynyşlar döwri diýen ady alan häzirki döwürde türkmen-owgan gepleşikleri geçirilip, döwlet baştutanlary elektroenergetikada hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler.

Täze elektrik geçiriji ulgamlaryň we energiýa üpjünçiliginiň desgalarynyň gurulmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystana berilýän elektrik energiýasynyň möçberleriniň köpeldilmegi göz öňünde tutulýan, geljegi uly bolan özara peýdaly planlary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek arkaly şu ugurdaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtadylar.

Türkmenistan Owganystana dört ýyl bäri elektrik energiýasyny ýeňillikli nyrhdan - her kilowat-sagat üçin 2 sentden iberýär. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň iberen elektrik energiýasy üçin Owganystanyň birnäçe ýylyň dowamynda toplanan ABŞ-nyň 3,8 million dollaryna golaý bergisi hasapdan öçürildi.

Türkmenistanda elektrik energiýasy mugt hasaplanýar. Adam başyna aýda bir kilowat-sagat elektrik energiýasyny her kim mugt peýdalanyp bilýär.

Çäklendirme şeýle az görünýän ýaly bolsa-da, bütin ýylyň dowamynda elektrik energiýasy üçin hiç bir zat tölemesiz bolýan maşgalalar kän.

Toklaryň öçmegi


Daşary ýurt firmalary ýurda ýaňy gelip başlan döwürlerinde firmalaryň sarp etmeli elektrik energiýasy halka iberilýän simlerden alynýardy. Bu bolsa ýaşaýyş jaýlaryna barýan toklaryň häli-şindi öçmegine sebäp bolýardy. Şeýle bolansoň, soňky wagtlarda firmalara öz aljak elektrik energiýalary üçin aýratyn bölüji (transformator) goýduryldy.

Köçeleriň ugrunda, jaýlaryň öňünde ekilen aşa uzyn, tikenli agaçlar (sowet döwründen galan baglar) şemal bolan halatda elektrik simleriniň üzülmegine, şunlukda-da çyralaryň öçmegine sebäp bolýarlar. Aýratyn-da sowet döwründen galan keselhanalarda şunuň ýaly ýagdaý kän ýüze çykýar. Şonda lukmanlar-da kösenýär, näsaglar-da. Elektrik siminiň geçýän ýerindäki agaçlary häkimlikleriň işgärleri degişli edaralara aýyrtmalydyrlar.

Täze tipde salynýan ýaşaýyş jaýlarynda, keselhanalarda elektrik liniýalary dünýä standartynda geçirilýär. Şonuň üçin ol obýektlerde elektrik togy hiç wagt öçmeýär. Belki, geljekde ýurduň ähli ýerinde elektrik liniýalary dünýä standartyna laýyk geçiriler. Ýogsa üzülen simleri elläp, tok urup ölýän çagalar-da örän köp.

Dünýä derejesinde elektrik energiýasy hut iýmit ýaly gerekli zada öwrüldi. Onuň orny hatda tebigy gazdan-da ýokarydyr. Tehniki ösüşler üçin adamzat ilkinji nobatda elektrik energiýasynyň barlygyna guwanmalydyr.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG