Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beki Seýtäkowy ýatlap


Merhum ýazyjy Beki Seýtäkowyň mazary, Aşgabat.
Merhum ýazyjy Beki Seýtäkowyň mazary, Aşgabat.

Aşgabat. Karl Marks adyndaky köçe. 14-nji jaý. Aňyrsy-bärisi taýaksalym howly.

Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ahyrynda, ýetmişinji ýyllaryň başlarynda bir hojalygyň melleginden uly bolmadyk howlynyň içinde «Sowet edebiýaty» hem «Tokmak» žurnallarynyň, «Edebiýat we sungat», «Mydam taýýar» gazetleriniň, «Agitatoryň bloknoty» atly şapbat jalyjak žurnalyň redaksiýalary hem Marksizm-leninizm instituty ýerleşýärdi.

Şahyrlar Gurbannazar Ezizow, Italmaz Nuryýew, Näzik Annatyýewa, Annasoltan Kekilowa, Nury Baýramow, tankytçylar Daňatar Berdiýew, Nargylyç Hojageldiýew, Ýazmyrat Belliýew, azy ýaran satiraçylar Aşyrberdi Kürt, Berdimuhammet Gulow, Işanguly Guljaýew, hakdan içen terjimeçiler Bäşim Ataýew, Annaly Berdiýew, ömruni jogapkär sekretar bolup geçiren Meret Haladow bardy.

Gurlaly bäri ýekeje gezek pagta planyny dolduryp görmedik «Moskwa» kolhozynyň gowaça meýdanyndan ýagydan sypan ýaly bolup gaýdyp, uniwersitete okuwa giren, on alty ýaşly oglan uçin, gazet-žurnal sahypalarynda häli-şindi gabat gelýön ol atlar öňdenem tanyşdy. Emma «Edebiýat we sungatda» korrektor bolup ýyl ýarym işlän döwrüm Beki Seýtäkow, Mämmet Seýidow, Täşli Gurbanow, Nurberdi Pomma, Çary Aşyrow kimin türkmen edebiýatynyň läheňleri bilen bir gapydan girip-çykaryn diýip haçan kelläme gelipdir!

Tagta etrabynyň Bedirkent obasynda dünýä inip, «Gyz salgydy» powesti, «Doganlar» romanynyň dört tomlugy bilen hakyky çeper esere nebsewür topulýan okyjynyň çäksiz alkyşyna mynasyp bolan Beki aga hakda gözli şaýat bolan pursatlarym bilen «Azatlygyň» diňleýjilerini tanyşdyrmagy ýerlikli hasap edýärin.

1.Şahyr Alty Akmämmedow Daşhowuz welaýatynda komandirowkada bolup gaýdyşyna göni Beki Seýtäkowyň kabinetine barýar. «Ýaşuly, size Hangeldi Garabaýew salam aýtdy». Äýnegini stoluň üstüne oklap, ýerinden turan Beki aganyň sowaly diýseň gazaply çykdy: «Näme?!» Salam ikinji gezek doly gaýtalanyp ýetişmedi. «Salam ibereniňem, getireniňem palanyny palan edeýin! Ýene kim salam iberdi?» Agzynda uçuk gaýnan şahyr gaýdyp žurnalyň gapysyny açan däldir.

2. Žurnalyň proza bölüminiň redaktory Ogultäç Orazberdiýewa bilen tankyt bölüminiň redaktory Nargylyç Hojageldiýew ikisi bir kabinetde oturýardy. Nargylyjyň telefonda: «Hä, pylany jan, bu senmi? Görneňok-la bu golaýda» diýip, trubkany goýagada, «Häý, seniň bir» diýip, paýyş sögünmek endigi bardy. «Nargylyç, beýtme-dä» diýip ýalbarýan Ogultäje onuň jogaby nagtdy: «Men öz iş ýerimde otyryn! Ädikçi ussalara «sögünme» diýip bolýarmy? Bolanok. Sögünç eşidesiň gelmese, başga kabinet saýlaý».

Bir gezek bularyn dawasy gaty ula turupdyr. Ogultäç özünden gidip, oturgyçdan agyp düşüpdir. Bir başagaýlygyň bardygyny aňyp, menem gyk-bagly gapa burnumy sokaýmanmy! Derrew Ogultäjiň çaý käsesine grafinden suw guýup, Beki aganyň öňünden bir eýläk, birem beýläk üç-dört sapar geçäýmenmi! Ýaşuly ýüzüme çiňerilip: «Weý, senden ýakyn hossary ýokmy-daýt bu biçäräň?» diýenson, dur-da ýeser bolsaň şo ýerde!

3. Her gün redaksiýanyň howlusynda sagat on ikiden bire çenli top oýnalardy. Allaberdi Haýydow, Işanguly Guljaýew, Berdi Annageldiýew, Muhammetmyrat Kömekow hem şu setirlerin awtory ölemen oýunçylar hasap edilerdi. Haýsydyr bir tarapa oýunçy ýetmedik mahaly Gurbannazar hem durup bilmän meýdança girerdi. Gapdaldaky uzyn oturgyçda oýnuň her bir pursatyna özleriçe baha kesip, gülşüp-degşip oturan dili duzly janköýerlere bir syn ediň: Beki Seýtäkow, Mämmet Seýidow, Çary Aşyrow, Nurberdi Pomma! Bir gezek meýdançanyň içini-daşyny gyzyl-gyran gülüşdiren bir wakany ýatlaman geçmek gaty kyn: «Agitatoryn bloknotynyň» baş redaktory, agramy ýüz kilodan birmahal wazlap geçen Berdi Annageldiýew garşydaşyň urýan topuna blok goýjak bolup, iki elini daldaladyp, ökjesine galdy. Bu onuň bökdügidi. «Berdiniň göwresi toruň aňyrsyna geçdi!» diýip, Işanguly Guljaýew dawa turzandan, Beki aga seslendi: «Ýagşam bir dawa tapdyň-ow, Berdiniň garny ýöne durka toruň anyrsyna geçip dur-a!»

4. Altmyşynjy ýyllaryň birinji ýarymynda Beki Seýtäkow üç ýyllap Turkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň prawleniýesine başlyk saýlandy. Edaranyň içini-daşyny syryp-süpürmek üçin, ýowar yglan edildi. Şonda Beki aganyň uzyn taýagyň ujuna ötürilen sübsäni dik asmana göterip gygyrany henizem gulagymdan gidenok: «Edebiýat karýeramyň ahyry şeýle gutarjagyny bilýärdim-le!»

Bu beýik şahs hakda näçe ýatlasaň ýatlap oturmaly. Ýene dört ýyldan, bir asyrlyk ýubileýi bellenmeli halypa Jennetiň törüni bezäp oturandyr diýen ýagşy umyt bilen sözümi soňlaýan.
XS
SM
MD
LG