Sepleriň elýeterliligi

Yrak partlamalarynda azyndan 5 adam öldi


Yrak resmileri şu gün tanymal sünni syýasatçylarynyň öýleriniň golaýynda bolan partlamalarda azyndan 5 adamyň ölendigini, bir topar adamyň bolsa ýaralanandygyny aýdýarlar.

Habarlara görä, Yragyň Siriýa bilen serhetine golaý Kaýim şäheriniň mähelleli ýerinde partlan ilkinji bomba ol ýere bir topar adamyň üýşmegine sebäp bolýar. Şondan soň ýene-de birnäçe bomba partladylýar.

Aýdylmagyna görä, bu partlamalar “Yrakiýa” sanawyndaky sünni syýasatçylarynyň birnäçesiniň öýüniň golaýynda bolupdyr.

“Yrakiýa” ýurduň dünýewi ýaranlygy bolup, bu bileleşik golaýda geçen parlament saýlawlarynda ýeňiji boldy.
XS
SM
MD
LG