Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň kömür şahtasynda azyndan 152 adam galdy


Hytaýyň döwlet mediasy şu gün ýurduň demirgazygyndaky sil basan kömür şahtasynda azyndan 152 adamyň çykyp bilmän galandygyny habar berdi.

Sinhua habarlar gullugynyň aýtmagyna görä, şahtany sil basan wagty ol erde 261 şahtaçy işleýän eken.

Ol adamlaryň diňe ýüzden gowragy gaçyp gutulmagy başarypdyr.

Hytaýyň kömür känleri dünýädäki iň howply şahtalardan hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG