Sepleriň elýeterliligi

NATO Orsýeti «howpsuzlyk üçegini» döretmekde kömege çagyrýar


NATO-nyň başlygy gyňyr döwletlerden edilip biljek raketa hüjümlerinden goranmak üçin ägirt uly «howpsuzlyk üçegini» döretmäge çagyrdy. Bu üçek Orsýeti hem öz içine almaly.

Anders Fog Rasmussen Brýusselde NATO-nyň maslahatynda çykyş edip, şeýle galkanyň ýadro ýaraglarynyň ýaýramak ähtimallagy bilen bagly artýan howpdan goranmak üçin gerekdigini aýtdy.

Ol Eýranyň raketalarynyň eýýäm Ýewropa we Orsýetiň käbir böleklerine etýänligini aýtdy.

Rasmussen NATO-nyň noýabrda Lissabonda geçjek sammitinde raketa goragy barada jogapkärçilikli bir karara gelmegine çagyrdy.
XS
SM
MD
LG