Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýland premýer ministri gepleşige razy boldy


Taýlandyň premýer ministri Abhisit Wejjajiwa parahatçylygy ýola goýmak we zorluk ähtimallygyny azaltmak üçin protestçiler bilen ýüzbe-ýüz gepleşik geçirmäge razy boldy.

Abhisitiň edarasy bu beýanaty premýer ministriň özi demonstarsiýaçylar tarapyndan öňe sürülýän talaplara boýun bolmajagyny aýdandan birnäçe sagat soň ýaýratdy.

Protestçiler Baňkokda 12-nji martdan bäri protest geçirýärler we täze saýlaw geçirilýänçä dargamajaklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG