Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran regional liderleri Täze ýyla çagyrdy


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejat pars täze ýylyny bellemek üçin regional liderleri myhman aldy.

Döwlet telewideniýesi şenbe güni Tährandaky Sadabat köşgüne ýygnanan myhmanlary, Yragyň, Owganystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentlerini göni alyp görkezdi.

Nowruz bu ýurtlaryň bäşisinde hem baýram edilýär.

Eýranyň Fars habarlar gullugy bu dabara Azerbeýjanyň daşary işler ministriniň we Türkiýäniň premýer ministriniň orunbasarnyň hem gatnaşandygyny habar berýär.

Türkmen metbugatynyň habaryna görä, prezident Berdimuhamedow Tähranda Yragyň prezidenti Jalal Talabany bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada gepleşik geçirdi.
XS
SM
MD
LG