Sepleriň elýeterliligi

Liwiýada Arap ligasynyň sammiti jemlenýär


Arap ligasy şu gün Liwiýada geçiren sammitini jemledi.

Arap ligasynyň lideri Amr Musa şenbe güni 22 döwletiň agzalygyndaky bileleşigiň sebite artýan täsiri hem dawaly ýadro programmasy bilen bagly Eýran bilen göni gepleşige girmegine çagyrdy.

Musa şunuň ýaly planlaryň regional hyzmatdaşlyga hem konfliktleriň çözgüdine hyzmat etjegini we arap döwletleri bolmadyk Eýran, Türkiýe ýaly ýurtlary hem öz içine aljagyny aýtdy.

Şeýle-de ol Ysraýylyň palestanylaryň biziňki diýýän ýerinden jaý gurmagy Orta Gündogar parahatçylyk prosesini hemişelik bozup biler diýdi.
XS
SM
MD
LG