Sepleriň elýeterliligi

2007-nji ýylda Türkmenistanda kabul edilen “Sosial üpjünçilik baradaky” Kodeksde 2012-nji ýyldan başlap, ýurtda pensiýa sistemasyna belli bir şertler esasynda pul toplamak düzgüniniň giriziljekdigi aýdylýar.

Eýsem, şeýle pension reformany geçirmek üçin ýurtda zerur şertler barmy? Bu sowala jogap bermek üçin pension sistemalarynyň dürli görnüşleriniň nämeden ybaratdygyny bilmek zerur.

Orsýetli ykdysatçy Leonid Fridmanyň aýtmagyna görä, dünýa sosialistik hem kapitalistik lagerlere bölünen döwründe öňki SSSR-de sosialistik sistema mahsus bolan bölüşdiriji pensiýa sistemasy ýöredilýärdi.

Pensiýanyň bu görnüşi üçin iki esasy ölçeg ýerine ýetirilmeli. Birinjiden, işe ukyply ilatyň sany işläp bilmeýänleriňkiden iň bolmanda iki esse köp bolmaly, ikinjiden bolsa, ykdysadyýet sosialistik ýurtlara mahsus planly usul boýunça dolandyrylmaly. Häzirlikçe Türkmenistanda şol şertleriň ikisi-de bar.

Döwrüň talaby

Ykdysatçy Leonid Fridmanyň pikiriçe, soňky döwürde dünýaniň köp ýurtlarynda dogulýan çagalaryň sanynyň barha azalýandygy bilen bagly tendensiýa ýüze çykdy. Şonuň üçin bilermen köp ýurtlaryň bu sistema geçmegini döwrüň talaby diýip atlandyrýar.

Bilermen: “Dünýäde dogulýan çagalaryň sanynyň gitdigiçe azalmagy geljekde pensionerlere pensiýa tölemäge pul gazanjak ýaşlaryň hem sanynyň kemeljekdigini aňladýar. Ýagny, her adam ýaşlygyndan öz garrylygyny üpjün etmek meselesine üns berip başlamaly. Hatda yslam dininiň ýörelgeleri boýunça ýaşaýan Eýranda hem dogulýan çagalaryň sanynyň azalandygy meni geň galdyrdy” – diýip belleýär.

Leonid Fridmanyň pikiriçe, “Şeýle tendensiýa Türkmenistanda hem bar. Şonuň üçin, Türkmenistanda entek işe durmadyk 16 ýaşdan kiçileriň hem 65 ýaşdan geçenleriň sany işleýänleriňkiden iki ýarym esse az bolsa-da, ýagny pensiýanyň bölüşdiriji görnüşiniň ulanylmagy üçin zerur şertler häzirlikçe bar hem bolsa, belli bir şertler esasynda öňünden pul toplaýyş sistemasyna geçmek ýerliklikli bolardy.”

ABŞ-nyň Merkezi Aňtaw Gullugynyň 2009-njy ýyl boýunça ýaýradan maglumatynda Türkmenistanyň ilatynyň sanynyň 4 900 müň adam töweregidigi, ilatyň ösüş depgininiň hem takmynan 1,1 %-e barabardygy, her müň adama 20-ä golaý çaganyň dogulýandygy aýdylýar.

Çaga dogurmaga ukyply ýaşdaky zenanlaryň bolsa orta hasapdan iki çaga golaý dogurýandyklary belli edilipdir. Bu maglumatlardan çen tutulsa, geljekde işe ukyply hem işlemeýan adamlaryň sany biri-birinden kän bir tapawutlanmaz.

Belli bir şertler esasynda pul toplaýyş

Pensiýanyň belli bir şertler esasynda pul toplamak görnüşi dünýaniň ösen ýurtlarynyň köpüsinde ulanylýar. Bu usul esasan iki bölümden ybarat. Onuň biri hökümet tarapyndan tölenýan pensiýa. Bu pensiýany almak üçin her ýurduň kanunyna laýyklykda raýatyň 20-30 ýyllyk iş stažy bolmaly. Işlän ýyllary hem raýat hökmany suratda sosial ätiýaçlygy tölemeli, mysal üçin, ABŞ-da raýatlar hemme girdejileriniň 7,62 %-ni sosial salgydyna töleýarler.

Ýewropanyň köp ýurtlarynda hem sosial ätiýaçlygy üçin raýatlar aýlyklarynyň 13-20 %-ni töleýärler. Soňra iş stažyna görä raýata pensiýa bellenilýär. Şeýle hem ilatyň sosial üpjünçiligine köp üns berýän ýurtlarda raýat ömründe hiç haçan işlemedik hem bolsa, oňa ýaşaýyş minimumyna barabar pensiýa tölenilýär. Mysal üçin, Çehiýada 70 ýaşan graždanlaryň hem rezidentleriň hemmesi şol minimumy almaga hakly.

Pensiýanyň belli bir şertler esasynda pul toplamak görnüşiniň ikinji bölegi bolsa ilatyň öz garrylygyny üpjün etmek üçin pension fondlarda pul toplamagydyr. Ýagny, her kim öz islegine göra, belli bir pension fonduny saýlap, aýlygynyň belli bir bölegini şol fondlarda toplap bilýär.

Pension fondlar

ABŞ-nyň pension sistemasyna syn etsek, bu ýurtda raýatlaryň özleriniň ýygnaýan serişdelerini hökümete degişli konserwatiw pension fondda ya-da hususy pudaga degişli töwekgelçilikli pension fondlarda toplap bilýärler.

Konserwatiw fondlarda, adatça, ösüş prosenti pes bolýar, emma olarda ýygnan serişldeleriňi ýitirmek howpy gaty az. Töwekgelçilikli fodlar bolsa gaty ýokary ösüş prosentlerini hödürleýarler. Emma ykdysady krizis ýüze çykyp, ýa-da belli bir kompaniýanyň işi şowly bolman, onuň aksiýalarynyň bahasy pese düşse, onda raýatlaryň serişdelerini ýitirmek howpy hem ýokary bolýar.

Şonuň üçin ABŞ ýaly ýurtlarda her kim öz ýagadaýyna görä hereket edýär. Mysal üçin, ýaşlar öz serişdelerini has tiz ösdürmek üçin töwekgelçilikli fondlara has köräk pul ýatyrýarlar. Sebäbi bardy-geldi şol fonduň işi şowuna bolman, käbir serişdelerini ýitiren halatynda hem ýaşlarda gaýtadan pensiýa ýeterlik serişde ýygnamaga wagty galýar.

Pensiýa ýaşyna ýakynlan adamlar bolsa has seresaply hereket edip, “ýygnan serişdelerimi tiz köpeldenden ony ýitirmän saklamak has möhüm” diýen pähimden ugur alýarlar.

Hökümete degişli däl fondlar

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew Türkmenistanda hem pensiýanyň belli bir şertler esasynda pul toplamak görnüşine doly geçmek üçin ýurtda diňe hökümete degişli däl, eýse hususy pension fondlaryň hem döredilmegine ýol berilmeli diýen pikirde.

Bilermen geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda goňşy ýurtlaryň käbirlerinde hökümete degişli bolmadyk pension fondlarda toplanan serişdeleriň ogurlanandygyny ýatlap, bu işde raýatlaryň goragyny hemme taraplaýyn üpjün etmegiň zerurdygyny belleýär.

Ol “Şonuň üçin kanun çykaryjy organlar pension fondlaryň serişdelerini dolandyrmak babatda ýörite kanun çykarmaly. Ýogsa-da, käbir döwletlerde edilişi ýaly pension fondlaryň ätiýaçlygyny kanun tarapyndan talap etmeli” diýip nygtaýar.

Ykdysatçy: “Raýatlaryň öz garrylygyny üpjün etmek üçin toplaýan serişdeleriniň ýöne ýatman, işlemegi, artmagy üçin ol serişdeleriň dürli aksiýalara, ýagny iri kompaniýalaryň çykarýan gymmat bahaly kagyzlaryna oýlanyşykly ýatyrylmaly. Şeýle-de ýurtda şol aksiýalary çykarmaga ukyply iri kompaniýalaryň, paýdarlar jemgyýetleriniň döremegini gazanmaly” diýýär.

Bu pikir bilen orsýetli bilermen Leonid Fridman hem ylalaşýar. Ol pension fondlaryň döredilmegi ýeterlik däl, şol fondlaryň oýlanyşykly dolandyrylmagy üçin sowatly, öz işini gowy bilýän spesialistler zerur diýip tassyklaýar.

L.Fridman häzir Türkmenistanda şeýle spesialistler az bolsa, gowy aýlyk hakyny belläp, Türkmenistanyň öz spesialistlerini has netijeli işletmelidigini, şonda hem ýurtda bu ugurdan sowatly menejerler ýetmezçilik etse, daşary ýurtlardan spesialistleri işe almagy maslahat berýär.

“Türkmenistanyň tebigy baýlyklary şeýle spesialistleri hakyna tutmaga mümkinçilik döredýar” diýip, bilermen öz pikirini mälim edýär.

Ösen Günbatar ýurtlarynda dürli fondlaryň işi boýunça wagtal-wagtal hasabat ýaýradylýar. Şeýle hem aksiýalary çykarýan kompaniýalaryň işleri baradaky maglumatlar ilata elýeterli edilen. Şol maglumatlaryň esasynda her kim öz serişdelerini toplaýan pension fonduň işi bilen kanagatlanmasa, öz pullaryny başga bir fonda geçirip bilýär. Mysal üçin, Gazagystanyň kanuny boýunça, raýatlar ýylyna iki gezek pension fonduny üýtgedip bilýärler.

Häzir Türkmenistanyň goňşy ýurtlarynda-da,Orsýetde-de hususy pension fondlar az däl. Mysal üçin, Gazagystanda häzir azyndan 14 sany dürli pension fondlary bar. Olaryň hödür edýän ösüş prosenti ýylda ortaça 9,5 %-te barabardyr.
XS
SM
MD
LG