Sepleriň elýeterliligi

Yrakly liderleriň arasynda gepleşik geçirilmedi


Yragyň premýer-ministri Nuri El-Malikiniň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, häkimiýeti dolandyrýan koalisiýa Malikiniň täze hökümeti hem dolandyrmagyny isleýär.

Sözçi Hijam Al-Hosni häkimiýet başyndaky koalisiýanyň täze hökümeti dolandyrmak üçin premýer-ministr Malikiniň kandidaturasyny hödürlemek isleýänligini öňe sürdi.

Maliki mundan ozal eden çykyşynda saýlawlarda galplyklara ýol berlenligini aýdyp, şeýle bidüzgünçilikleriň esasanam paýtagt Bagdatda bilen Musulda bolanlygyny belläpdi we sesleriň el bilen gaýtadan sanalmagyny sorap suda ýüz tutjakdygyny aýdypdy.

Maliki aýratynam saýlawlarda iň köp ses alan Allawi bilen gepleşikler geçirmek islemeýänligini hem sözüniň üstüne goşdy.

7-nji martda geçirilen saýlawlaryň geçen anna güni yglan edilen netijesinde Allawiniň koalisiýasynyň Malikiniň toparyndan iki orun köp gazananlygy habar berildi.
XS
SM
MD
LG