Sepleriň elýeterliligi

Rim papasynyň wezipesinden çekilmegi talap edildi


Britaniýada ýekşenbe güni geçirilen proteste gatanaşan adamlar dini ýolbaşçylaryň çagalary zorlanlygy baradaky aýyplamalar bilen bagly hiristiýan kiliseleriniň çemeleşişi sebäpli Rim papasynyň wezipesinden çekilmegini talap etdiler.

Britaniýanyň paýtagty Londonyň Westminster sebitinde ýerleşýän kilisäniň öňünde jemlenişen protestçiler şol aýyplamalar boýunça çäre görülmegini talap edip, bu barada listowkalar alyp köçelere çykdylar.

Katolik hiristiýanlaryň dini wekilleri tarapyndan çagalaryň zorlananlygy baradaky waka boýunça tutuş Ýewropada, şol sanda Rim papasynyň dogduk mekany bolan Mýunhende hem protest gurnaldy.
XS
SM
MD
LG