Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barak Obama Owganystana sapar etdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama gysga möhletlik sapar bilen düýn Owganystanyň paýtagty Kabula baryp, prezident Hamit Karzaý we ABŞ- nyň Owganystandaky harby ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Obama prezident Karzaý bilen geçiren duşuşygynda regionda söweşijilere garşy gazanylýan üstünlikler bilen korrupsiýa garşy göreşiň-de deň derejede alnyp barylmalydygyny aýtdy.

Prezident Obama, paytagt Kabulyň demirgazygynda ýerleşýän Bagram howa bazasyndaky amerikaly esgerleriň öňünde çykyş edip, olaryň Owganystanda alyp barýan missiýalarynda üstünlik gazanjakdygyna özüniň ynamynyň bardygyny aýtdy.

“Gelejekde käbir kyn günler bilen ýüzbe-ýüz bolup bileris, yza gaýdyşlyklaryň-da bolmagy mümkin. Biz aýgytly düşman bilen ýüzbe-ýüz. Emma şol bir wagtyň özünde, ABŞ-nyň başlan işini taşlamaýanlygyny-da bilýäris” diýip, Barak Obama aýtdy.

Obama daň atmazdan öň ýurdy terk etmänkä NATO güýçleriniň Owganystandaky harby ýolbaşçysy General Mak Krystal we ABŞ-nyň Owganystandaky ilçisi Karl Ekenberry bilen hem pikir alyşdy.

Prezident Obama Owganystana goşmaça 30 müň esgeriň iberiljekdigini yglan edipdi.

Şunlukda, şu ýylyň ahyryna çenli Owganystandaky amerikaly harbylaryň sanynyň 100 müňe çykmagyna garaşylýar.

Bu prezident Barak Obamanyň häkimiýet başyna geçenden soň Owganystana eden ilkinji saparydyr.
XS
SM
MD
LG