Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwadaky metrolarda partlama boldy


Moskwanyň iki metro stansiýasynda amala aşyrylan bomba partlamalary netijesinde azyndan 39 adam heläk boldy.

Moskwanyň metrolaryndaky partlama
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:22 0:00

Ilkinji partlama 29-njy martda ir bilen Lubýanka stansiýasynda duran metro otlysyny ýardy. Bu wakadan bir sagat geçmänkä Park Kultury stansiýasynda duran otlyda hem partlama emele geldi. Bu stansiýalaryň ikisi hem Moskwanyň merkezinde ýerleşýär.

Ors habar agentlikleriniň resmilere salgylanyp habar bermegine görä, Lubýanka stansiýasynda bolan partlama netijesinde 25-e golaý adam heläk boldy, azyndan 10 adam ýaralandy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň habarçysy Maksim Ýaroşewski partlamanyň ilkinji bolan ýeri Lubýanka metrosunyň ýanynda Moskwanyň Baş prokurory bilen gürleşdi. Onuň aýtmagyna görä, Lubýanka metro stansiýasyndaky partlama 7:52-de emele gelipdir we janyndan geçen bombaçy 3 kilogramlyk TNT-ni bedenine daňyp, otly ýetip gelende ikinji wagonynyň deňinde ýarypdyr.

Lubýanka stansiýasyndaky partlamada netijesinde hem otlydaky ýolagçylar, hem platformadaky adamlar ejir çekdi. Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk gullugy (FSB) edil şol stansiýanyň ýokarsynda ýerleşýär.

Park Kultury stansiýasynda bolan partlamada azyndan 12-ä golaý adam heläk boldy we 15 adam ýaralandy diýip, habar berilýär.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň habar bermegine görä, irki ýol dyknyşyklary sebäpli “Tiz kömek” maşynlary we ýangyn söndürijiler heläkçilikleriň bolan ýerlerine barmakda kynçylyk çekdiler.

Partlamalaryň nähili emele gelendigi dessine tassyklanmady.

Orsýetiň prokurorlarynyň derňew komitetiniň metbugat wekili Wladimir Markin ähtimal “terrorçulyk” boýunça jenaýat-derňew işleriniň ýola goýlandygyny habar berdi.

Moskwanyň meri Ýuriý Lužkowyň aýtmagyna görä, otlylar stansiýalara golaýlap gelýärkä iki sany janyndan geçen zenan tarapyndan partlaýyjylaryň gurnalan bolmagynyň ahmaldygy öňe sürülýär.

2004-nji ýylyň awgust aýynda hem janyndan geçen bir adamyň terror hüjümi netijesinde Moskwadaky metro stansiýasynyň daşynda 10 adam heläk bolupdy.

Moskwadaky metro-otlylary her gün takmynan 5,5 million adam daşaýar.
XS
SM
MD
LG