Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama garaşylmadyk ýagdaýda Owganystana bardy


Prezident Barak Obama Owganystanda çekýän pidalary üçin amerikan esgerlerine minnetdarlyk bildirip, olaryň öz missiýasyny üstünlikli bitirjekdiklerine berk ynanýanlygyny aýtdy.

Barak Obama Owganystana sapar etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:16 0:00

Bu Obamanyň Birleşen Ştatlaryň Baş serkerdesi hökmünde Owganystana eden ilkinji saparydyr. Ol Kabula gelip düşýänçä, gizlin saklanan bu sapar sanlyja sagada çekdi.

Obama amerikan esgerlerine: “Siz bu ýere kynlyk bilen gazanylan parahatçylygy gorap saklamak üçin owgan halkyna kömege geldiňiz” diýdi.

“Biz aýylganç ekstremistleriň gaçybatalgalaryndan çykanyny gördük. Biz al-Kaýdanyň ýolbaşçylaryna we talybana agyr zarba urduk” diýip, Obama nygtady.

Obama al-Kaýdanyň şindi-de bir howp bolup durýanlygny belläp: “Owganystana kontrollyk gaýtadan talybanyň eline geçse, Birleşen Ştatlaryň howpsuzlygyna zyýan ýeter” diýdi.

Ýöne ol ýaragly güýçleriň öz işlerini oňat ýerine ýetirjekdiklerine özüniň şübhe etmeýänligini aýtdy: “Öňde kynçylykly günler bolar. Käbir şowsuzlyklar bolar. Biz bir aýgytly duşman bilen ýüzbe-ýüz durus. Muny bilýäris. Ýöne Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň başlan işini bitirmän goýmaýanlygyny hem bilýäris”.

Karzaý bilen duşuşdy


Prezident Barak Obama Kabula baran badyna owgan prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşdy. Duşuşykdan soň hem žurnalistlere ekstremistlere garşy söweşde regionda öňegidişligiň bolandygyny aýtdy. Ýöne ol korrupsiýa garşy göreşde, ýurduň dolandyrylyşyny we kanun häkimligini gowulandyrmakda has köpräk işleriň edilmelidigini-de belledi.

Karzaý hem Owganystany durnukly, güýçli we parahatçylykly ýurda öwürmekde hyzmatdaşlaryň kömegine umyt baglaýandygyny aýtdy.

Ak Tam tarapyndan bildirilmegine görä, Obama Karzaiýy 12-nji maýda Waşingtona sapara çagyrypdyr.

Amerikan prezidenti öten ýyl Owganystana goşmaça 30 müň esger iberilmegini buýurdy. 2011-njy ýylyň ortalarynda amerikan esgerleri Owganystandan öz ýurduna dolanmaly diýip, Obama öňünden sene belledi.

Edil häzir goşmaça ýollanan esgerleriň üçden biri Owganystanda. Olaryň köpüsi talybana garşy hüjümleri güýçlendirmek üçin günorta welaýatlara iberildi.

Bu sapar Owganystandaky ýagdaýy ýakyndan synlamaga Obama üçin amatly mümkinçilik boldy.
XS
SM
MD
LG