Sepleriň elýeterliligi

Orta Aziýada yslamyň müň ýyldan agdyk taryhy bar. Ýöne XX asyrda bu region Sowet Soýuzynyň bir bölegi bolansoň, bu regionyň yslam älemi bilen ilteşigi kesildi.

Sowet Soýuzy dargansoň, täzeden garaşsyzlyk alan ýurtlar bolan Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan özleriniň yslam miraslaryna gaýtadan gujak gerdiler. Daşardan hem bu ýurtlara yslamçy toparlar dökülip ugrady.

Zeýno Baran Hudson institutynyň Ýewraziýa syýasaty boýunça direktory. Ol: “Regiona daşardan dürli dini toparlaryň barmagyna Orta Aziýa hökümetleriniň taýýarlygy ýokdy” diýýär.

“Orta Aziýada bu toparlaryň ornaşmagy üçin amatly ýagdaý bardy. Ol ýerdäki hökümetler, şol sanda Özbegistan hem, yslamçy toparlaryň hemmesiniň deň däldigine düşünmeýärdiler. Olar bu toparlaryň käbiriniň radikal, käbiriniň hem öz syýasy idiologiýasynyň bardygyny bilmeýärdiler, muňa düşünmeýärdiler” diýip, Baran aýdýar.

Ýöne Orta Aziýa döwletleri yslamyň resmi taýdan teswirini güýçlendirip, daşardan gelen toparlary dymdyrmaga synanyşdylar. Orta Gündogardan baran Hizb-ut Tahrir, Päkistandan Tabligi Jamaat, arap ýurtlaryndan Salafiýe, Türkiýeden hem Nurçylar we beýleki toparlar gadagan edildi.

Täjigstanyň öňki kazy kelany Hajy Akbar Turajonzada metjitlerde wagyz edýän ymamlar bilen döwletiň arasynda açyk baglanyşygyň bardygyny aýdýar: “Ymamlaryň 90%-e golaýy hökümet, ýerli hökümet we howpsuzlyk organlary tarapyndan bellenilýär. Kanunda “ymamlar metjitde ybadat edýänler tarapyndan saýlanyp, hökümet tarapyndan oňlanylmaly” diýilär. Ýöne iş ýüzünde kimiň ymam bolmalydygyny kesgitleýän hökümet” diýip, Turajonzada aýdýar.

Kim kime täsir edýär?

Daşardan baran toparlaryň işine çekilýän köplenç ýaşlar. Syýasat we din boýunça ekspert Kosimi Bekmuhammadyň aýtmagyna görä, munuň dürli sebäpleri bar: “Bu işi ýaşlaryň hemmesi edenok. Ýöne edýänler ýok däl. Olaryň gadagan yslamçy toparlara goşulmagynyň birnäçe sebäbi bar. Ilki sosial-ykdysady ýagdaý, işsizlik. 15 ýyl bäri ýurtda bu problema bar. Ýaşlaryň arasynda lapykeçlik döredýän şu”.

Bekmuhammadyň aýtmagyna görä, ýaşlaryň daşardan gelen toparlara goşulmagyna sebäp bolýan ýene bir zat – olaryň öz ýurtlaryndaky hökümetleriň yslama täsiriniň aşa ýokary diýip düşünýänligi üçin.

Gazagystanyň musulman dini edarasynyň metbugat sekretary Ömürbek: “Yslama täsir edýän döwlet däl, tersine, syýasatçylara täsir edýän yslam” diýýär.

“Hudaý saklasyn. Beýle zat ýok. Edil tersine. Biziň prezidentimiziň özi doglan şäherinde iki uly metjit saldyrdy. Onuň göreldesine eýerip, gurply adamlar, häkimler we beýlekiler hem ençeme metjit saldyrdylar” diýip, Ömürbek nygtaýar.
XS
SM
MD
LG