Sepleriň elýeterliligi

Sibirde ýadro ýangyjyny satýan ýörite merkez dörediler


Şu gün Orsýet bilen Birleşen Milletler guramasynyň Halkara Atom agentligi Orsýetiň Sibir regionynda ýadro ýangyjyny satýan ýörite merkeziň döredilmegi barada Wena şäherinde özara ylalaşyga gol çekdiler.

Bu ylalaşyga görä, Orsýetiň Angarsk oblastynda dörediljek bu merkez halkara ylalaşyklaryna eýerýän hem-de parahatçylykly maksatlar üçin ýadro obýektlerini ulanýan ýurtlara ýadro ýangyjyny satmak bilen meşgullanar.

Bu gürrüňi edilýän ýadro merkezini Orsýet bilen Gazagystan 2007-nji ýyldan bäri ýadro ýangyjyny öndürmek maksady üçin ulanyp gelýärler.
XS
SM
MD
LG