Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Demirgazyk buzly okean bilen serhetleşýän ýurtlaryň wekilleri duşuşýar


Şu gün Demirgazyk buzly okean bilen serhetleşýän ýurtlaryň wekilleri Kanadada özara maslahat geçirýärler. Hususan-da, bu maslahata Kanadanyň, Daniýanyň, Norwegiýanyň, Orsýetiň we Amerikanyň birleşen ştatlarynyň resmileri gatnaşýarlar.

Demirgazyk buzly okean bilen serhetleşýän bu ýurtlar 2008-nji ýylda bu okean boýunça territorial dawalardan gaça durmak hem-de okeanyň ekologiýasyny gorap saklamak boýunça ýörite ylalaşyga gol çekipdiler. Ýöne Kanadanyň geçiren soňky barlaglary bu Arktika regionynda harby obýektleriň geriminiň ýaýbaňlanýandygyny görkezýär.

Ekspertler Demirgazyk buzly okeanyň territoriýasynda 90 milliard barrel töweregi nebit zapasynyň bardygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG