Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda 8 adam tussag edildi


Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi paýtagt Bakuwda ýerleşýän mekdep we çagalar baglaryna hüjüm etmegi planlanlaşdyrýan 8 adamyň tussag edilendigini duşenbe güni habar berdi.

Ministrlik 5 erkek adam we 3 zenanyň 16-njy martda tussag edilenligini aýtdy. Tussag edilen adamlardan biri Çeçenistanyň ýaşaýjysy bolup, beýlekileriniň Azerbaýjanlydygy aýdylýar.

Içeri işler ministrligi şol toparyň bikanun ýollar arkaly Gürjüstandan Azerbaýjana geçenligini belläp, mekdep we çagalar bagynyň binalarynyň üstünde ýarag hem partlaýyjy maddalaryň ele salynanlygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG