Sepleriň elýeterliligi

Klinton: “Eýrana garşy sanksiýada Hytaý rol oýnar”


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly BMG tarapyndan Tährana garşy girizilmeli sanksiýanyň tassyklanmagy barada Hytaýyň rol oýnajakdygyny aýtdy.

Klinton Kanadanyň paýtagty Ottawada G-8 toparyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň arasynda boljak duşuşykdan öň sözlän sözünde Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmazlygy meselesi bilen Hytaýyň ylalaşýanlygyny aýtdy.

Ol kanadaly telekanala beren interwýusynda Eýranyň öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlary eýerýänligini subut etmelidigi baradaky talaplary kabul etmän halatynda, BMG-nyň howpsuzlyk geňeşiniň Tährana garşy täze sanksiýalary girizmek barada ylalaşyga geljekdigini aýtdy.

G-8 toparynyň Kanadada geçiriljek sammtine senagat taýdan ösen 8 ýurduň, ýagny Italiýanyň, Germaniýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Orsýetiň, Britaniýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri gatnaşarlar.

Urany baýlaşdyrmagy bes etmänligi sebäpli, Eýrana garşy BMG tarapyndan mundan ozal hem üç gezek sanksiýa girizilipdi.

BMG-nyň howpsuzlyk geňeşiniň üç hemişelik agzasy, ýagny ABŞ, Fransiýa we Britaniýa Eýrana garşy sanksiýalaryň dördünji tapgyrynyň girizilmegi üçin tagalla edýärler. Emma bu Geňeşiň beýleki iki agzasy bolan Orsýet we Hytaý bu pikiri goldamaýar.
XS
SM
MD
LG