Sepleriň elýeterliligi

Soňky 10 ýylyň içinde dünýä ykdysadyýetiniň ösmegi energiýa ýangyçlarynyň bazar bahasynyň ýokarlanmagyna getirdi. 2008-nji ýylyň ortalaryna çenli batly gadam bilen ösen dünýä ykdysadyýeti geçen ýyl birdenkä öz ösüş depginini ýitirip başlady we howply durgunlyk, yza gaýdyş emele geldi.

Munuň birnäçe sebäpleri bar. Bank aktiwleriniň nädogry ulanylmagy, ipoteka we beýleki karzlaryň adatdakydan köp berilmegi, pullaryň aýlanyşynyň kagyz ýüzünde artmagy, maliýe operasiýalaryna döwletiň has aktiw goşulmagy, gözegçilik funksiýalarynyň güýçlenmegi, iş ýerleriniň köpeldilmeginde bazar talaplarynyň inkär edilmegi we başga-da birnäçe ownuk zatlar ykdysadyýetiň uly möçberlerde çökmegine getiren sebäplerdir.

Elbetde, bu ýagdaýlar bazar ykdysadyýeti ýa-da kapitalistik sistemada ýaşaýan döwletlerde has aýdyň duýuldy. Emma bu ykdysadyýetiň döwlet tarapyndan dolandyrylýan, ýagny jemgyýetiň sosial hajatlaryna doly garaşly edilen ýurtlarynda özüni bildirmedi diýdigimiz däl. Ýöne bu sistemadaky döwletler ykdysadyýetde bolup geçýän çökgünlik dogruda öz halkyna doly maglumat bermeýärler ýa-da jemgyýetçiligi diňe kem-käsleýin maglumatlar bilen oňdurýarlar.

Biziň esasy etjek gürrüňimiz ykdysadyýetiň döwlet eýeçiligi görnüşinde ýa-da ýarym-bazar ykdysady formalarynda dolandyrylýan ýurtlar hakynda bolar. Ylaýta-da Türkmenistan barada.

Biz ykdysady krizislerden hökman howatyrlanmaly. Onuň öňünde durup, dünýä praktikasynyň tejribesini ulanmaga çalyşmaly. Şonuň üçinem, wagt barka, tebigatyň bize beren baýlygyny ýele sowurman, ony peýdaly, girdeji berjek proýektlere siňdirmeli.

Günbatar döwletlerinde ýangyç önümini satýan hususy kärhana özüne gelýän girdejileri bank aktiwlerine, iri kompaniýalaryň aksiýalaryna we maýa getirjek işlere sarp etse, Türkmenistan hökümeti ony peýwagtyna, girdeji getirmejek proýektlere siňdirýär.

Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak üçin gurulýan ymaratlar, Garagum çölünde alnyp barlylýan “Altyn asyr kölüniň“ gurluşygy, gerekmejek býujet edaralarynyň döredilmegi, harby we polisiýa işgärleriniň aşa köpeldilmegi, oba hojalygyna gidýän manysyz çykdajylar we başga-da birnäçe ugurlar – muňa mysaldyr.

Ine, Aşgabatda gurulýan ýaşaýyş jaýlaryny alyp göreliň. Azyndan 36 öýli beýik jaýlaryň döwlete düşýän bahasy 10-15 million amerikan dollary. Ol resmi metbugatda hem belläp geçilýär. Jaýlar şol bahalara ylaýykmy ýa-da däl, biz onuň gürrüňini etmän, onuň adamlara düşýän bahasyna üns bereliň.

Harby we hukuk goraýjy pudaklarda işleýänlere döwlet jaýyň bahasynyň 70 %-ni özi töleýär, galan 30%-ni bolsa jaýyň eýeleri 30 ýylyň dowamynda hasaplaşmaly. Banklarda, ministrliklerde, häkimliklerde işleýänlere-de, döwletiň özi jaýyň bahasynyň 50 %-ni töleýär, karzyň galanyny alyjylaryň özleri 30 ýylyň dowamynda tölemeli edilýär.

Halk hojalygynyň düşewüntli däl pudaklarynda: mugallymçylyk, medeniýet we sungat ugurlarynda hem-de hususy söwda-da işleýän raýatlar jaýyň doly bahasyny 30 ýylyň dowamynda özleri tölemeli.

Indi şol jaýlaryň bahasyna syn edeliň. Aşgabatda üç otagly jaý denominirlenmedik manatda 4 milliard manada ýa-da 281 müň amerikan dollaryna barabar. Bu baha köplenç ösen döwletlerdäkidenem gymmat gelýär. Jaýyň tölegini üzmäge 30 ýyl möhlet berilse-de, bäş ýyl geçensoň, onuň eýeleri her aýda 4-5 million denominirlenmedik manat tölemeli bolýarlar.

Häzir döwlet edaralarynda işleýänleriň aýlygy ortaça üç ýarym million manat. Ýene bäş ýyl däl, on ýyl geçse-de, her ýylda aýlyklar 10 % galdyrylaýanda-da, 2020-nji ýylda ortaça aýlyk 7 (ýedi) million denominirlenmedik manat bolýar. Şu hasaba seredeniňde, raýatlaryň karzlaryny töläp bilmejekdikleri mese-mälim.

Türkmenleriň bir nakyly bar: “Almany göge zyň, ýere gaçynça – ýa pelek!“. Ine, şu nakyldan ugur alyp, raýatlar, jaý alanlarynda, onuň soňuna seretmän alýarlar. Olaryň pikiriçe, döwlet karz pullaryny yzyna alman, jaýlary olara mugt berer. Belkem, şeýle bolmagam mümkin, ýöne hökümet şeýle ýagdaýa ýol berse, onda soňraky ýyllarda onuň yzy, ykdysadyýetimizde gädilip bildirer. Ýaşaýyş jaýlardan başga-da, gurulýan ymaratlaryň ykbaly edil şunuň ýalydyr.

Tebigy ýangyçlaryň bahasy gaçar

Biz öz ykdysadyýetimizi dogry ýöretjek bolsak, onda şu günden başlap, tebigy baýlyklarymyzdan, esasanam gazyň eksportyndan gelýän altyn pulumyzy geljekde döwletimeze peýda berjek işlere sarp etmeli. Tebigatyň bize eçilen baýlygy müdümilik däldir.

2008-nji ýylda dünýäde möwç alan ykdysady krizis köp döwletlere maliýe serişdelerine aýawly çemeleşmelidigini öwretdi. Şondan soň her döwlet özüne bähbitli ykdysady ýollary agtaryp başlady. Sosial döwlet programmasynda ýaşap gelen Gresiýanyň şu günki ýagdaýy bize sapak bolmalydyr.

Ýewropada täzeden atom stansiýalarynyň dikeldilmegi, gaz eksportyny edýän döwletleri alada goýdy. Häzir Ýewropada taýýarlanylýan “Nabukko” proýekti sorag astynda galýar. Elbetde, bu proýekte beýleki döwletler bilen Türkmenistan hem gatnaşmalydy.

Türkmenistan geçen ýyl aprelde bolan gaz geçirijisindäki partlamadan sapak edinmelidir. Alymlaryň aýtmagyna görä, dünýäde bolup geçen we geçýän ykdysady çökgünlik alternatiw ýangyç çeşmelerini tapmagyň üstünde işlemegi örän tizleşdirdi. ABŞ we beýleki ösen döwletler alternatiw ýangyçlaryň tizden-tiz döredilmegi üçin ylyma goýberýän serişdelerini günsaýyn artdyrýarlar.

Abraýly çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, 2020-nji ýyla alternatiw bioýangyjy, ýelden, suw tolkunlaryndan, günden we zeminiň astyndan alynjak energiýalary önümçiligiň dürli pudaklarynda ulanmaga başlanylar. Bu adaty nebitiň we gazyň bazar bahasynyň aşak düşmegine, käbir ýerlerde onuň çykarylyşyna we geçirjijilere sarp edilýän puluň, ýangyjyň arassa bazar bahasy bilen bara-bar bolmagyna getirer.

Ykdysadyýeti diňe tebigy baýlygyň hasabyna ýöredilýän döwletlerde maliýe we ykdysady çökgünlik döräp başlar. Elbetde, bu hem şol döwletleri betbagtçylyga, garypçylyga elter. Belli basnýaçy Iwan Krylowyň “Teneçir we garynja“ eserinde garynja arly tomus işläp, zähmet çekse, teneçir ony aýdym-saz, meýlis bilen geçirýär. Haçan-da gyş gelensoň, teneçir, gidere ýer tapman, kibtini gysyp, garynjanyň ýanyna barýar. Garynja-da oňa “Arly tomsy sen aýdym-saz, meýlis bilen geçirdiň, indem meýlisiňi dowam ediber!” diýip, gapysyndan kowup goýberýär.

Türkmenistanyň hökümetem, şol teneçiriň ýagdaýyna düşmejek bolsa, onda şu günden başlap, ykdysadyýetimizi diňe nebit-gazyň girdejisiniň hasabyna alyp barman, onuň hemmetaraplaýyn işlemegini, dünýä ykdysadyýetine integrirlenmegini gazanmaly.

Hususy eýeçilik näme üçin gerek?

Şonuň üçin ilki bilen hususy eýeçiligiň ösmegine ýardam etmeli. Pudaklaryň hemme görnüşinde: gurluşyk, aragatnaşyk, transport, saglygy saklaýyş, bilim, hukuk hyzmatlaryny hödürlemek (adwokat, notarial edara), metbugat, sungat ýaly ugurlardan hususy eýeçilige giň ýol açmaly.

Nebit-gazdan gelýän girdejileriň hasabyna hususy eýeçilikde işe başlanlara 1-3 % aralykda köp ýyllyk pul karzlaryny bermeli. Şeýle edilse, jemgyýetimizdäki hyjuwly adamlar öz işlerini açyp başlarlar. Bu hem döwlet strukturalaryndaky ençeme edaralaryň, kemeldilmegine we onuň hususy eýeçilige geçirilmegine mümkinçilik döreder. Şol kemeldilen ýerleriň hasbyna-da mugallymlaryň, lukmanlaryň, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň aýlyklaryny, garrylaryň pensiýalaryny we beýleki syrkaw-maýyplara berilýän kömek pullaryny galdyryp bolar.

Döwlet strukturalarynda işleýänleriň gazanjyny her aýda pesinden 1000 amerikan dollaryna ýetirmeli. Aýlyklar sagat möçberinde hasaplanyp, hepdeleýin berlip başlanmaly. Bu hem ykdysadyýetde dowam edýän inflýasiýa zerarly puluň hümmetsizlenmeginiň azda-kände öwezini dolar.

Ýurtda hususy pensiýa fondlarynyň işlemegine ýardam etmeli. Kommersiýa banklarynyň hemmesini hususylaşdyrmaly. Banklar gerek bolan müşderilerini ýokardan gelen görkezmä görä däl-de, özleri tapmaly. Şeýle ýagdaý döredilse, bankalar döwlet edaralary bilen däl-de, hususy eýeçilikdäk sektory bilen işleşerler. Sebäbi döwlet edaralary köp ýerde bankdan alan karz pullaryny gaýtarmaýarlar, “Pul nirä gitdi? Döwlete gitdi, ýele gitdi!” Ýylyň aýagynda bolsa degişli ýolbaşçylar ony banklaryň hasabyndan öçürip aýyrýarlar. Munuň ýaly praktika biziň hökümetimizde garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri dowam edip geldi.

Oba hojalygynda-da aýgytly hereketlere geçilmeli. Ýerleri hususylaşdyrmak hakynda kanun kabul edilmeli. Şol kanun esasynda ýerleri tapgyrlaýyn hususylaşdyrmaga girişmeli. Pagta monopoliýasyny döwlet öz üstünden doly aýyrmaly. Daýhanlara ýetişdiren hasyllaryny daşarky bazarlara çykarmaga ýol bermeli. Daýhanlaryň hasabyna döredilen “Türkmenpagta” assosiýasiýasyny ýatyrmaly.

Türkmenistanyň banklary bilen bilelikde hökümetiň ygtyýar bermegi bilen Ýewropa ösüş bankynyň we Dünýä Bankynyň daýhançylygy goldamak hakyndaky kömek programmalarynyň ýurtda aktiw işlemegini gazanmaly. Daýhanlara prosentsiz köp ýyllyk karz pul berilmeli. Içerki we daşarky gümrük hem-de beýleki salgytlaryň tertibine düzedişler girizilmeli.

Şu günki gün Türkmenistanda hususy kärhana açmak üçin dürli kynçylyklardan geçmeli bolýar. Köplenç bu meselede para-peşgeş, öz aktiw roluny oýnaýar. Eger-de Estoniýa we Finlandiýa döwletlerinde hususy iş açmak üçin 15 minut ýeterlik bolsa, Türkmenistanda diňe hususy edaranyň adynyň resmileşdirilmegine azyndan 15 gün gerek bolýar! Edarany doly resmileşdirmäge bolsa bir aý wagt gidýär, ol hem Türkmenistanyň Ykdysadyýet ministrliginde ýakyn tanşyň bolan ýagdaýynada ýa-da ençeme dollarlary çinowniklere “üsse” bereniňde, ýogsam, adatça, bu möhlet iki aýa baryp ýetýär.

Ösen ýurtlarda hususy iş açmak, bu günler internetiň üsti bilen hem amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ykdysadyýeti häzirem dünýäniň beýleki ýurtlarynda baryp-ha 1980-nji ýyllarda ulanylan metodlar bilen dolandyrylýar. Beýle ýagdaý ýurtda korrupsiýanyň pajarlap ösmegine we yzagalaklyga getirýär.

Türkmenistan yzda süýrenýär

Awaza turistik proýekti hakynda aýdanymyzda-da, ýagdaýlar o diýen öwerlik däl. Aragatnaşyk infrastrukturalaryny ösdürmän, daşary ýurt maýalaryny we jahankeşdelerini ýurduňa çekip bilmersiň.

Maýalar barada aýdanymyzda bolsa, onuň öz öňe sürýän talaplary bolýar. Olaryň esasylaryndan biri – maýa goýulýan tarapyň alyp barýan hasap-hesiplerindäki aç-açanlykdyr. Ol açyklyk auditor barlaglarynyň üsti bilen amala aşyrylmaly. Ýurtda ykdysady we syýasy asudalyk höküm sürmeli. Olaryň bizde ikinjisi bolsa-da, birinjisinde asudalyk ýok. Bu hem, biziň ykdysadyýetimiziň ýangyç energiýalaryň bahasyna baglylygyndan.

Onsoňam, soňky 20 ýylyň içinde maýa goýumlary dünýäniň offşor zonalaryna gönükdirilen. Häzir dünýäde offşor zonalardan 100-den gowragy hereket edýär. Olaryň, maýa goýumçylara hödürleýän şertleri biziň hökümetimiziň düýşüne-de giren däldir. Ol şertlertleri amal etmäge uly syýasy gaýrat gerek.

Haçan-da içerki öndürilen önümiň ösüşi barada aýdylanda, Türkmenistanly synçylar bir zady unudýarlar. Ol hem ilatyň gazanç ukybydyr. Ykdysadyýetiň hasabynda ilatyň gazanjy adamlaryň ýurtda baryp ýetýän ýaşy, pensiýalaryň möçberi, berilýän kömek pullar, ylym we bilim almakda ýetilýän sepgitler, ine, şularyň hemmesi bilelikde ýurduň ykdysady ösüşiniň derejesini görkezýändir. Şol hasap bilen biziň ýurdumyz, Türkmenistan, ähli döwletleriň arasynda 165-nji orny eýeleýär.

Öňümizdäki ýyllarda, biziň hökümetimiz sözden işe geçip, tebigatyň beren baýlygyna daýanyp, ýurdumyzda hususy eýeçilige doly ýol açsa, onda Türkmenistan 2020-nji ýyla çenli ösen döwletleriň öňdäki onlugyna girmegi mümkin. Oňa biziň doly güýç-kuwwatymyz ýetýär. Ýöne munuň üçin oýlanyşykly syýasat gerek.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG