Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan bilen Yrak gatnaşyklary giňeldýär


rak Respublikasynyň prezidenti Jalal Talabany

rak Respublikasynyň prezidenti Jalal Talabany

27-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň Eýrana iş saparynyň çäklerinde Yrak Respublikasynyň prezidenti Jalal Talabany bilen duşuşdy.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aktual meseleleri masalahatlaşyldy. Şuny bellap geçmeli: iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar geçen ýyl ýola goýlupdy.

Yragyň prezidenti Türkmenistana öz ilçisini iberjekdigini mälim etdi. Şeýle-de Jalal Talabany Yrakda ýaşaýan türkmen diasporasy hem-de ýokary wezipelerde işleýan, Yragyň döwlet hem jemgyýetçilik işlerine aktiw gatnaşýan türkmen wekilleri barada gürrüň berdi.

Eýse, türkmen-yrak gatnaşyklaryna nähili baha bermek mümkin? Bu gatnaşyklaryň esasy ugurlary nämelere gönükdirilmeli? Maglumatlara görä, Yrakda üç milliondan gowrak türkmen ýaşaýar.Türkmenistan bilen Yragyň gatnaşyklary SSSR döwründe perestroýka, ýagny üýtgedip gurmak ýyllarynda ýola goýuldy.

“Şol ýyllarda Türkmenistanyň Ýazyjylar guramasynyň inisiatiwasy bilen Yragyň ýazyjylarynyň delegasiýasy iki gezek Türkmenistana gelipdi. Soňra yraklylar türkmen ýazyjylaryndan iki delegasiýany kabul edipdi” diýip, ýazyjy Amanmurat Bugaýew ýatlaýar.

Bugaýewiň aýtmagyna görä, şol döwürde Yraga ilki bilen ýazyjylar Annaberdi Agabaýew bilen Tirkiş Jumageldiýew gidipdir. “Men olardan alty aý soň gitdim. Şol döwürde Yrak Ýazyjylar guramasyna arap dünýäsinde özüni tanadan Abdulatip Bender ogly ýolbaşçylyk edýän eken. Şeýle gatnaşyklardan biz doganlygymyzy, dostlugymyzy duýup ugradyk.”

Garaşsyzlyk ýyllarynda bu gatnaşyklar doly ýatyryldy. Türkmenistan ähli ýurtlardan daşlaşdy, öz-özüni izolirledi.

“Saprmyrat Nyýazowyň döwründe yrakly türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň ýubileýlerini, ýagny ýyl dönümleriňi bellemek üçin Saddam Huseýniň rugsady bilen Türkmenistan Ýazyjylar guramasyna gelen çagyryş hatlaryna garamazdan, Nyýazow bize gitmage rugsat bermedi” diýip, Bugaýew aýdýar.

Nämeden başlamaly?

Yrak hem Türkmenistan ýaly gaz-nebit resurslaryna baý döwlet. Geljekde Türkmenistan-Yrak gatnaşyklary gaýtadan ýola goýlup, Türkmenistanda ilçihana açmakçy bolunýan wagty iki tarap üçin hem bähbitli bolar ýaly bu gatnaşyklary nämeden başlamaly?

Bugaýewiň pikirine görä, ilkibaşda medeni gatnaşyklary ýola goýmaly. “Medeniýet diýmek – bu ilçi diýmekdir. Ilkibaşda medeni gatnaşyklary ýola goýmaly. Soňra ykdysady, söwda gatnaşyklaryna geçibermeli.”

Germaniýada ýaşaýan eýranly türkmen aktiwisti Ýusup Koruň pikirine görä, Yrak-Türkmenistan gatnaşyklaryny nebit senagatyndan başlamaly. “Sebabi iki ýurdam nebite baý, nebit satýan döwletler. Ikinjiden, medeni gatnaşyklary, bilim ugrundan gatnaşyklary ösdürmeli. Türkmen studentleriniň Yrakda, yrakly ýaşlaryň Türkmenistanda okap bilim almagyny üpjün etmeli”.

Onuň pikirine görä, ýene-de bir möhüm mesele, bu oba hojalyk meselesi. Sebäbi iki ýurduň ykdysadyýetinde oba hojalyk meselesi uly rol oýnaýar. Iki ýurduň oba hojalygynda meňzeşlikler bar. Meselem, çäge süýşmek we çölleşmek we suw meselesi. Bu ugurda Türkmenistanda köp işler edildi. Türkmenistanyň iş tejribesi uly, bu-da Yrak üçin peýdaly bolup biler diýip, Ýusup Kor aýdýar.

Ilçihana gün tertibinde


Maglumatlarda Yragyň prezidentiniň Türkmenistanda ýurduň ilçihanasyny açmak barada gürrüň edendigi aýdylýar. “Yrak Türkmen Fronty” toparynyň Germaniýadaky wekili Ganym Osmanyň Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, Türkmenistanda Yragyň ilçihanasynyň açylmagy bu ýurtdaky üç million türkmeni juda begendirer.

Ýola goýjak gatnaşyklaryň iki ýurt üçin potensial peýdasy barada ýazyjy Bugaýew şeýle pikir edýär: “Dünýä halklary, tutuş türki halklar üçin bähbitli bolar. Sebäbi şol yraklylarda näçe-näçeläp Türkmenistanda saklanyp galmadyk tutuş taryhy dikeldip boljak, türki dillileriň umumylygyny döredip boljak, dünýä halklarynyň medeniýetine türki siwilizasiýanyň nämedigini subut edip boljak zatlar bar.”

“Yrak Türkmen Fronty” toparynyň Germaniýadaky wekili Ganym Osman bolsa Türkmenistana ilçi hökmünde Yragyň etnik türkmenlerinden birini Aşgabada iberilmegini Yragyň Daşary işler ministrliginden haýyş etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG