Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB: Nabukko türkmen gazyny göz öňünde tutýar


Ýewropa Bileleşigi Nabukko proýektini amala aşyrmak baradaky planyň türkmen gazyny göz öňünde tutup düzülendigini aýdýar.

Bu barada resmi delegasiýa ýolbaşçylyk edip Aşgabada baran Beýik Lýuksemburg Gersoglygynyň premýer-ministriniň orunbasary, bu ýurduň daşary işler ministri Žan Asselborn prezident Berdimuhamedow bilen 29-njy martda duşuşanda mälim etdi diýlip, türkmen metbugatynda berlen maglumatda aýdylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň daşary syýasay strategiýasynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini belledi diýlip, habar berilýär.

Şeýle hem bu duşuşykda adam hukuklary, jemgyýetçilik ösüşi babatdaky hyzmatdaşlygyň geljegine degişli meseleleriň gozgalandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG