Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew: “Has berk kanunlary kabul etmeli”


Orsýetde 29-njy martda bolan terrorçulykly hüjümlerde heläk bolan adamlaryň hatyrasyna matam güni yglan edildi.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bu terrorçulykly hüjüm bilen bagly eden çykyşynda şeýle hüjümleriň öňüni almak üçin has berk kanunlaryň kabul edilmeginiň zerurdygyny nygtady.

29-nji martda irden Moskwanyň Lubýanka hem Park Kultury metro stansiýalarynda bolan iki partlamada azyndan 39 adam heläk bolup, 60-dan gowragy ýaralandy.

30-njy martda Moskwada Orsýetiň baýdaklary aşak düşürilip, bu hüjümler amala aşyrylan ýerlere gül desseleri goýuldy.

Moskwanyň metrolarynda bolan hüjümlerde janyndan geçen iki zenanyň özlerini partladandygy güman edilýär.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek hiçbir topar öz üstüne almady. Emma Orsýetiň Federal Höwpsyzlyk Gullugy oňa demirgazyk kawkazly pitneçileriň dahylynyň bardygyny aýdýar.

Bu waka bilen bagly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Dmitriý Medwedewiň adyna gynanç hatyny ýollady we şol hatda bu terrorçulykly hüjümi ýiti ýazgardy.
XS
SM
MD
LG