Sepleriň elýeterliligi

BMG: 9 million owgan garyplykda ýaşaýar


Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasy Owganystanda korrupsiýanyň ösmeginiň adam hukuklarynyň berjaý edilmezligi ýaly meseleleriň ilatyň durmuş derejesine täsir edýändigi barada ýörite hasabat ýaýratdy.

Bu hasabatda, 2002-2009 ýyllar aralygynda Owganystana 35 milliard dollara barabar serişde berilendigine garamazdan, bu ýurduň ilatynyň
36%-niň, ýagny 9 milliona golaý owganlynyň örän garyp ýaşaýandygy aýdylýar.

Bu bolsa dürli tebigy betbagytçylyklar ýüze çykan halatynda ilat köpçüliginiň goragsyz ýagdaýada bolmagyna getirýär diýlip, bu hasabatda maglumat berilýär.
XS
SM
MD
LG